Adamzadyň ösüşinde şaly möhüm azyk-iýmit ekini hökmünde iň gadymy zamandan bäri esasy we iň
gadymy dänelik ekinleriň biri hasaplanýar. Şaly her ýylda ýüzlerçe million adamyň esasy azyklyk serişdesi
bolup hyzmat edýär. Gadymy Hytaý ýazgylarynda b.e. 2800 ýyl öň şalynyň azyklyk ähmiýeti barada
maglumat berilýär. Hindistanda şaly baradaky maglumatlar biziň eýýamymyzdan 2000 ýyl öň taryhda öz
ornuny tapypdyr. Şalynyň Hytaýdan Hindistana, ondan hem Orta Aziýa, Eýrana ýaýraýşy, ol ýerden hem
Zakawkazýe, Günbatar Ýewropa geçirilişi barada degişli maglumatlar berilýär.
Arap basybalyşlarynyň (639-711ýyl) netijesinde şaly Ortaýer deňziniň kenarlarynda ýerleşýän Müsür,
Ispaniýa, Italiýa ýaly ýurtlaryna hem ýaýraýar. Şalynyň Demirgazyk Italiýada ilkinji ekilişi 1468-nji ýylda
geçirilipdir. Şol ýerden hem şaly Ýewropanyň günorta-gündogar bölegine (Bolgariýa, Ýugoslawiýa we
Rumyniýa) geçipdir. ABŞ-da şaly ilkinji gezek 1647-nji ýylda Wirginiýada we ondan soň Günorta Karolina
ştatlarynda ekilip başlanýar. Häzirki döwürde Kaliforniýa, Luiziana, Tehas we Arkanzas ştatlarynda
giňden ekilýär. Biziň eýýamymyzdan öň 1084-nji ýylda şaly Hindistandan, Indo- neziýa, Ýawan adalaryna
we olaryň golaýyndaky adalara geçýär. Gadymy Penjabdan (Hindistan) şaly Orta Aziýa (Baktriýa)
ýaýrapdyr. Käbir maglumatlar boýunça şaly Eýrandan Zakawkazýa we Orta Aziýadan Azerbaýjana geçip,
ol ýere ýaýrap başlapdyr. Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda şaly biziň eýýamymyzdan 2-3 müň
ýyl öň hem ekilipdir.
Arazbagt PALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby