Şaly – bu adamzat taryhynda iň gadymy ekinleriň biri bolup, 5 müň ýyldan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Ol ýer ýüzüniň esasan tropiki we subtropiki etraplarynda ösdürilýär. Şaly käbir döwletleriň halky üçin medeniýetiň we siwilizasiýasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülendir.
Şalynyň düzümindäki peýdaly witaminler: Tiamin (witamin B1) — beýniniň akyl ýetirijilik ukybyny we funksiýasyny sazlaýar. Ol antioksi-dant hökmünde organizmiň garramagyna garşy göreşýär. Witamin N — organizmde glýukozanyň sinte-zine, ýag kislatalarynyň sintezine we darga-maklygyna gatnaşyp, madda çalşygyna oňyn täsir edýär. Fosfor – fosfor kislatasy öýjüklerde bolup geçýän himiki reaksiýalaryň esasy hereketlen-dirijisi hasaplanýan köpsanly fermentleriň (fosfo-tazlaryň) emele gelmekligine gatnaşýar. Şalynyň dänesinden krahmal, spirt, farmasewtika serişdeleri — fitin, B2 witamin, samanyndan ýokary sortly kagyzlar, kartonlar alynýar we şlýapalar taýýarlanýar. Şalynyñ tüwüsi, ỷarmasy çygly we gurak şertlerde-de gowy saklanỷar.
Şalynyň Krasnodar-424, Kuban-3, Liman, Kulon, Uzros-59, Uzros-7, Gorizont, Özbek-5, Awangard, Nöküs-2, Gülzar, Elenga ýaly sortlar ekilýär. Şalynyň hytaýdan getirilen gibridlerinden hasyllylyk 90-95 s/ga bolup, iň ýokary hasyllylyk Nöküs-2 sortundan 110 s/ga alnypdyr. Häzirki döwürde şalynyň 7 sorty önümçilikde ekilýär we beýlekiler bilen bilelikde ylmy-barlaglarda öwrenilýär.
Emir Hanow
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby