Şöhlat agajy ýa-da kigeliýa, Afrika ýurtlarynda ösýär. 10 metre çenli ösýär we ýaýylýan telpekligi emele getirýär. Uly gülleri we üýtgeşik miweleri uzynlygy 50-60 sm bolan şöhlat görnüşine eýe bolýar. Ýewropada bu agaç hakda bary-ýogy birnäçe asyr ozal öwrendiler. Gyzykly tarapy, şöhlat agaçlary diňe ýeke ösýär we hiç haçan biri-biriniň ýanynda däl. Ýylylygyň başlanmagy bilen suw tygşytlamak üçin ýapraklaryny dökýärler we ýagyş möwsüminiň gelmegi bilen şahalarynda ýapraklar peýda bolýar. Gündizine adaty bolmadyk gülleri doly ýapylýar we gün ýaşanda, gyrmyzy güllerini görkezýär.
Bu gülleriň kemçiligi diňe tozanlandyryjylary özüne çekmek üçin zerur bolan ysynyň ýakymsyzlygydyr. Bu adaty bolmadyk agajyň miwelerini iýmezden ozal ýylylyk bejergisine sezewar edilmeli, sebäbi olar gaty zäherlidir. Miweleriniň gabygy örän berk bolýar. Şeýlelik bilen, olardan tohum almak üçin ilki miwäni guratmaly we diňe palta bilen bölmeli. Afrikaly ýerli ilat şöhlat agajyny ähli keseller üçin melhem diýip hasaplaýarlar. Onuň miweleri ýaralary, ýylanyň zäherini, sifilisleri, ýaralary bejermek üçin ulanylýar. Lukmanlar adaty bolmadyk Kigeliýa agajynyň miweleriniň hakykatdan hem antibakterial häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýarlar, şonuň üçin häzirki wagtda dürli kosmetika önümçiliginde giňden ulanylýar. Şöhlat agajynyň miwelerini uzak wagtlap gaýnadyp, gyzyl reňk almak bolýar.
Afrikalylar onuň bilen matalary boýamakda peýdalanýarlar. Kigeliýanyň sütüninden köp wagtdan bäri kanoe, şeýle hem käbir saz gurallary ýasalyp gelinýär. Haýwanat dünýäsiniň wekilleri hem adaty bolmadyk şöhlat agajyna biperwaý garamaýarlar. Mysal üçin, towuklar tohumlaryny, piller güllerini, maýmynlar we žiraflar ýapraklaryny halaýarlar.
Selbi PIRNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby