Şokolad güli köp ýyllyk ösümlikdir. Bu ösümlik asteraceae maşgalasyna degişli bolup, aslynda Meksikadan gelip çykan ýetişdirilýän ösümlikdir. Onuň ylmy ady cosmos atrosanguineus bolup, beýikligi 60 santimetre çenli ýetýän şahalary bolýar. Gülünde diametri 5-7 sm bolan gül ýatagy bolýar. Bu gülüň gül çogdamy sebet görnüşli gül çogdamydyr. Gül ýapraklary sany 8-e ýetýär. Goňur ýa-da ýapyk gyzylreňkli mahmal gül ýapraklary owadanlygy bilen üns çekýär. Olaryň özboluşly şokolad-wanil ysy bar. Tomusyň ortasyndan güýze çenli gülleýär. Şokolad gülüň gülleriniň ajaýyp şokolad ysy üçin gymmatly bezeg ösümlikidir. Geçen asyryň başynda bu görnüş ýok bolmak howpy abanýardy, ýöne ol ösümlik ýitirilmän saklanyp galypdy.
Köp ýyllyk ösümlik ýerasty kökleri bolup, köklerinden hem şokaladyň ysy gelýär. Köküniň adam saglygyna üçin birnäçe peýdaly taraplary bardyr. Düzmide şekeriň köp mukdary bolandygy sebäpli ol gan azlyga peýdaly önüm hasaplanylýar. Ol gowy ýagty düşýän ýerde ekmek maslahat berilýär. Ony yzygiderli suwarmak gerek.
Gyş paslynda kökler gazylyp alynýar, we ýörite şertlerde saklanýar. Köpeltmeklik esasan nahal arkaly amal aşyrylýar. Ony gök önümleriň arasynda beýleki güllerden aýratyn ekmek iň gowusy bolup durýar. Sebäbi bu ösümligiň gözelligi üçin ekilýän ösümlik, gowy ideg edilmese öz gözelligini ýitirýär. Kesilenden soň güller bir hepdeläp terligini, owadanlygyny ýitirmän saklaýar. Bu gülüň düzüminde birnäçe efemerler bardyr. Bu gülüň hoşboý ysy efemerleriň hasabyna emele gelýär. Şokolad güli parfumeriýada giňden ulanylýar.
Ogulgerek ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


