Elbetde, sowuk howa adam saglygyna belli bir derejede öz zyýanyny ýetirip biler, emma onuň
peýdaly tarapy hem az däldir. Geliň, pes temperaturanyň nähili oňaýly täsirleriniň bardygyna
garap geçeliň.
Immunitet. Sowuk howada temperatura stresine jogap hökmünde bedeniň goraglary herekete getirilýär,
immun we biohimiki reaksiýalar işjeňleşýär.
Dem alyş. Pes temperatura käbir sowuklamalara, şeýle-de, ýokanç we çiş kesellerine peýdaly täsir edýär.
Salkyn howa dem almagy kadalaşdyrýar we çuňlaşdyrýar. Öýkeniň howa çalşygyny gowulandyrýar we
demiň gysmagyny kemeldýär.
Deri. Sowuklygyň ýaşardýan täsiri kosmetologiýada köpden bäri üstünlikli ulanylýar. «Doňdurma»
netijesinde mikrosirkulýasiýa we deriniň tekizligi kadalaşýar, metabolitik prosesler optimallaşdyrylýar.
Metabolizm. Pes temperaturanyň täsiri astynda metabolitik prosesler kadalaşýar, ýag öýjükleri ýagy has
işjeň ulanyp başlaýarlar.
Garward uniwersitetiniň alymlarynyň pikiriçe, adamlar üçin ýylylyk aýazdan 5 esse howpludyr.
Abadan SARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby