Suw hozy – Derbennikler (Lythraceae) maşgalasyna degişli birýyllyk suw ösümligidir. Onuň gelip çykan ýeri Ýewraziýanyň we Afrikanyň günorta etraplary hasaplanýar. Suw hozy, esasan, köllerde, 5 metr beýiklikde akýan derýalarda ösýär. Ösümligiň bir sany iri krahmally tohumdan ybarat bolan miweleri daşky şekili boýunça öküziň kellesini ýatladýar. Bu tohum üçin ösümlik Hytaýda 3000 ýyldan gowrak wagt bäri ösdürilip ýetişdirilýär.
Suw hozunyň baldagy suwuň astynda ýerleşip, ýazda miweden suwuň üst ýüzüne 3,6-5 metre çenli uzynlykda ösüp çykýar. Kökleri ýaşylymtyl reňkli, ýelek şekilli şahalanan bolup, suwuň düýbünde ýerleşýär. Ösümligiň iki görnüşli ýapraklary bolup, olaryň birinjisi – suwasty – garşşylykly, çyzykly, köküsti baldak ülüşinde ýerleşýär. Ikinjisi bolsa, suwuň üst ýüzünde ýüzýän ýapraklardyr. Olar baldagyň ujunda ýerleşýär. Süýri, romb şekilli, ýüzi ham pisint, gyralary deň bolmadyk dişli 2-3 sm uzynlykdaky ýaprak plastinkalary miweleri bişýänçä 5-9 sm bolan,ýüzmegine goşmaça ýardam edýän ýokarky sapajyklarynda ýerleşýär.
Gülleri ak reňkli bolup we ýaprak goltugynda ýerleşip, mör-möjekler arkaly tozanlanýar. Gülünde 4 sany okara ýapragyndan, gül ýapraklaryndan we tyçinkalardan ybaratdyr. Bir sany düwünçekden ybarat bolup, maý-iýun aýynda gülleýär.
Miwesi – garamtyl-goňur reňkli, 2-4 sany ýiti burçly hozjagazdyr. Miwesi awgust-sentýabr aýlarynda ýetişýär. Tohumlary 12 ýyla çenli ýaşaýjylygyny saklamaga ukyplydyr. Ösümlik miweleri arkaly köpeldilýär.
Suw hozunyň miwelerini iýmit hökmünde peýdalanmak bolar. Onuň özboluşly tagamy bolup, düzüminde 20 % belok, 52 % krahmal, 0,7 % ýag saklanýar. Miweleri çig, duzly suwda gaýnadylan, külde gyzdyrylan görnüşde iýilýär. Üwelen miwelerinden un we ýarma hem alnypdyr. Suw hozunyň tapylan köp mukdary daş asyryna degişli edilýär. Onuň ätiýaçlyk gorunyň uly bolmagyny, suw hozunyň ýeralmanyň ornuny tutujydysy bolandygyny subut edýär. Mundan başga-da, käbir ýurtlarda bu ösümligiň täsin miweleri bezeg hökmünde ulanylýar.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby