Tebigat

SUWARYMLY ÝERLERIŇ ŞORLAMAGYNYŇ SEBÄPLERI

Şorlaşan ýerler diýip – düzüminde ýeňil ereýän duzlary artykmaç saklaýan, oba hojalyk ekinleriniň hilini we hasyllylygyny peseldýän ýerlere aýdylýar.

Geografiýa we geohimiýa ylymyna esaslanyp B. A. Kowda şorlaşan topraklary 3 toparlara bölüpdir: kontinental, deňiz ýaka, delta.

Kontinental – içkimaterik akymsyz duzlaryň oblastda toplanmagy we paýlanyş hereketine bagly. Deňizýaka – az suwly kenarlary duzuň basmagy we deňiz duzlarynyň toplanmagy bilen bagly. Delta – jülgäniň deltasyna ýerasty akymlaryň we derýanyň üýtgemegi bilen gelýän duzlaryň we çylşyrymly birleşme ýagdaýlarynyň herekedi bilen häsiýetlendirilýär. Merkezi aziýanyň territoriýasynda duzlaryň emele gelişiniň görnüşleri: dag jynslarynyň owranmagy netijesinde döreýän duzlar we ulanylýan minerallar we ýerasty suwlary bilen gelýän duzlar; ygallar arkaly gelýän duzlar.

GIBRID ÇAÝ BÄGÜLLERI

Dag jynslarynyň owranmagy netijesinde döreýän duzlar indiki ýagdaýlara baglydyr. Biohimiki faktorlara, temperatura çalşygyna, ýeliň, suwuň täsirine we getirilýän minerallara bagly. Ýerasty suwuň duzlulygy näçe ýokary bolsa, bugaryjylygyň depgini güýçli, dowamlylygy köp bolsa, şonça-da topragyň şorlamagy tizleşýär. Ýerasty duzly suwlar ýeriň ýüzüne näçe ýakyn ýerleşen bolsalar, olaryň bugaryş derejesi şonça-da güýçli bolýar. Eger ýerasty suwlary aşakda ýerleşen bolsalar, onda toprak ikinji gezek şorlamaýar. Şonuň üçin ýerleriň şorlamagynyň öňüni almak üçin geçirilýän çäreler öňürti bilen ýerasty suwuň derejelerini galdyrmazlyga, olaryň derejeleriniň ýokary galan ýerlerinde bolsa ony peseltmäge gönükdirmelidir.

Şorlaşan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen birnäçe çäreler geçirilýär. Olar indiki ýollar arkaly amala aşyrylýar: suwarymly meýdandaky we suwaryş akabalaryndaky suw ýitgilerini azaltmak; topragyň üstünden ýerasty suwlarynyň bugarmagyny azaltmak; ýerasty suwlarynyň derejesini peseltmek; topragyň hasylly gatlagyndaky zyýanly duzlary ýok etmek. Bu ýollary durmuşa geçirmek üçin dürli meliorasiýa usullar kabul edilýär. Olaryň esasylary – suw hojalyk, agrotehniki, fiziki, biologiki, himiki, ulanyş we gidrotehniki usullar.

Merjen Ballyýewa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Habary paýlaşyň:

Bir yanıt yazın