Miweli agaçlar barada aýdylanda olar islendik künjegiň gözelligine gözellik goşýar. Baglar gülleýän döwründe aýratyn gözel keşbe eýe bolmak bilen, bu döwür tamamlanandan soň hem özüniň ajaýyp durkuny saklap galýar hem-de datly miwelerini eçilýär.
Türkmenlerde ähli döwürlerde tebigata aýawly garalypdyr
Beýik Magtymguly Pyragynyň goşgularynda wasp edilen tebigatymyz täsin gözelligi we ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda daşky gurşaw bilen bitewülikde we sazlaşykda ýaşapdyr. Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, has takygy, dag çeşmeleri, sahawatly topragy, amatly howa ýagdaýy ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam etdi. Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri ýurdumyzyň çäginde gadymy döwürlerde gülläp ösen suwarymly ýerleriň bolandygyny, ata-babalarymyzyň bolsa ekerançylyk bilen meşgullanyp, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýär. Biziň günlerimizde hem ülkämiziň ekologiýa abadançylygyny saklap galmak üçin bag ekmek çäresinden hiç kim çetde durmaýar.
Şunda milli özboluşlylygyň aýratynlyklary hem öz beýanyny tapýar. Çünki Türkmenistanda bag nahalyny eken adam aýratyn hormat-sarpa eýe bolýar. Adamlar baglara syn edip, onlarça ýyl geçenden soň hem bu baglary ýetişdiren adamyň adyna alkyş aýdýarlar. Baglara hemişe-de aýawly garalýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň emeli tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek pikiri ählihalk goldawyna mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilýän täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrmaga öz goşandyny goşýar.
WELMEDOWA MERJEN
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby