Ýer –bu adamlaryň aýawly saklamagyna mätäç bolan janly we ýokary gurluşly organizmdir. Ýer şary biziň umumy öýümizdir. Daşky gurşaw barada alada etmek, janly we jansyz tebigaty gorap saklamagyň esasy düzümleriniň biri bolup durýar. Her bir adam özünden soňra çagalaryna, agtyklaryna näme goýup gitjekdigi barada oýlanmalydyr. Çaga güýçli we sagdyn bolup ulalmagy üçin doglan wagtyndan başlap mähir we alada bilen gurşalan bolmalydyr. Çaga söýgini ejesi, kakasy, doganlary we ene-atasy berýär. Wagtyň geçmegi bilen çaga öý haýwanlarynyň we ösümlik dünýäsiniň hem söýgä we alada mätäçdigine düşünýär. Daşky gurşawy goramak meselelerine jemgyýetiň ünsüni çekmek maksady bilen 11-nji maý “Tebigata söýgüniň Bütindünýä güni” atly baýramçylygy döredildi.
Işlenen gazlar we senagat önümçiligi bilen howanyň hapalanmagy, suwa –hojalyk zir-zibilleri, okeanlarda tapylýan nebitiň guýulmagy, topraga-himikatlaryň we zäherli galynlaryň dökülmegi biosferanyň ýagdaýyna zyýanly täsir edýär. Ekosistemanyň zynjyrynyň bozulmagy bütin toplumyň işiniň bozulmagyna getirýär. Ekologiýanyň meseleleriniň adamlara täsirini ýetirişi ýaly, haýwanlara we ösümliklere hem zyýan ýetirip olaryň gyrylmagyna getirýär. Her ýyl Gyzl kitaba ýitip barýan we ýitmek howpy abanýan fauna we floranyň ýüzlerçe görnüşleri girizilýär.
11-nji maý güni bellenilýän bu baýramçylyk diňe bir daşky gurşaw barada pikirlenmäge däl-de, eýsem älem-jahan bilen owazly sazlaşykdan lezzet almaga çagyrýar. Şonuň üçin tebigata söýgi-bu Ýer biosferasynyň esasyny düzýän adamyň öz-özüne bolan söýgüsidir.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby