Tmin – (Carum carvi L.) Seldereýler (Apiaceae) maşgalasyna degişli bolan ikiýyllyk ösümlikdir. Ýaşaýşynyň ilkinji ýylynda gaty örän uly ok köküni we ýapraklaryň rozetkasyny ösdürýär. Ikinji ýylynda miwe berýär. Baldagy dik ösýän, içi boş, şahalanan, beýikligi 50-70 sm, ýapraklary nobatlaýyn, üçem bölünen ýelek şekilli. Gül çogdumy çylşyrymly saýawan. Uzyn gül sapaklaryndaky gülleri ak reňkli. goşa çigitli miwesi iki sany bir tohumly miwejiklerden ybarat, hersiniň üstünde efir ýagly kanallar ýerleşýän 10 sany gapyrgalary hem bar. 1000 tohumynyň agramy 2,3-2,5 g. Tminiň miwelerinde düzüminde karwon we parfýumeriýada ulanylýan limonen saklaýan 4-7% efir ýagy bar. Tmin miwelerinden tehniki maksatlar üçin ulanylýan ýagyň 14-16%-i hem alynýar. Tohumlary dürli duzlanan we çörek önümlerinde ýakymly ys beriji hökmünde ulanylýar. Tmin oňat bal berýän ösümlikdir.
Tminiň ýylylyga bolan talap edijiligi pes, emma çyglylyga we topraga bolan talaby ýokarydyr, şonuň üçin hem ýeterlik çyglylygy bolan hasylly topraklarda gowy ösýär. Tmin ýagtylygy söýüji – fotofil ösümlikdir.
Sortlary: Hmelniskiý. Podolskiý 9.
Tminiň öň ýanyndan ders bermek bilen güýzlük bugdaý we kösükli däneli ekinler ekmeklik netijeli hasaplanýar.
Muhammet BATYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby