Tritikale täze botaniki ugur hasaplanýar. Iki sany dürli botaniki urugyň-bugdaýyň we çowdarynyň hromosomlarynyň bir bedende utgaşdyrlyp birleşdirilmeginden täze ösümlik urugy hem-de degişli görnüşleridir. Tritikale ady bugdaýyň adynyň birinji böleginden -Tritikumdan we çowdary adynyň ikinji böleginden – Secaleden birleşdirilip ýasalypdyr.
Tritikale – bugdaý-çowdary gibridi bolup, amfidiploidlere degişlidir. Amfidiploid – (gr. amphi – ýanynda, töwereginde, diploos – ikili we eýdos-görnüş) allotetraploid beden, iki sany görnüş çakyşdyrylyp, ikili diploid toplumly hromosom saklaýan täze görnüş. Ilkinji gezek 1881-nji ýylda bugdaý bilen çowdarydan alnan gibridiň eýesi nemes alymy Rimpaydyr. Emma onuň işine şol döwürde uly ähmiýet bermändirler.
Tritikale – däneli ekinleriň özboluşly täze görnüşidir. Ol güýçli derejede hasyllylygyny artdyrmaga, dänede belogyň mukdaryny, çalşyp bolmaýan aminokislotalary (lizin, triptofan) ýokarlandyrmaga uly mümkinçiligi bolan, amatsyz toprak-howa şertlerine, kesellere, zyýanly mör-möjelklere durnukly, azyklyk we ot-iýmlik ähmiýetli örän möhüm ekindir. Onuň dänesiniň düzümindäki belogyň mukdary bugdaýyňkydan 1-1,5 göterim, çowdarynyňkydan hem 3-4 göterim ýokarydyr.
Kleýkowinanyň mukdary bugdaý dänesindäki ýaly ýa-da 2-4 göterime çenli artyk. Ỳöne ol hili boýunça bugdaýyň kleýkowinasyndan pes bolýar. Şonuň üçin hem çöreklik häsiýeti, hili bugdaýyňkyça bolmaýar. Çöreginiň göwrümi kiçi, içiniň öýjük-öýjükligi az hem-de ol dargap we pytrap durýar. Tritikaleden has gowy hil sypaty bolan çöregi taýýarlamak üçin onuň 20-30 göterim ununa bugdaýyň 70-80 göterim ununy goşmaly. Geçirilen ylmy barlaglar boýunça trtikaleden 95 göterimli gabykly uny, 87 göterimli gabygy aýrylan uny gaýtadan işläp taýýarlanda, çowdary çöreginiň hilinden pes bolmadyk çörek önümlerini bişirmek mümkin.
Tritikaleniň samany mallara ot we aşagyna düşek bolup hyzmat edýär. Onuň ot-iýmlik sortlary gök, ter otlary almak, silos etmek, ot-iým ununy taýýarlamak, digirli ot-iým dänelerini taýýarlamak üçin ekilýär.
Gök oty we silosy bugdaýyňkydan we çowdaryňkydan 0,5-1 göterim ýokumly özleşdirilýän proteini köp saklaýar. Ondan taýýarlanýan ot uny beloklara, karatinoidlere (prowitamin A), mineral birleşmelere bugdaýyňkydan we çowdaryňkydan baý bolýar.
Emir Hanow
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby


