Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň käbir sebitlerinde howa -8 gradusa çenli sowar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -3 gradus sowukdan +2… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7… +9 gradusdan +12… +14 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2… +3 gradusdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9… +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6… +11 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan +1… +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7… +12 gradusdan +11… +16 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan -1… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7… +12 gradusdan +11… +16 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -6 gradus sowukdan -1… +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3… +8 gradusdan +9… +14 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… -8 gradus sowukdan -4… +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1… +4 gradusdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl bolar.