Turp – kelemler maşgalasyna degişli bolan bir ýyllyk, iki ýyllyk gök ekin. Ýaşaýşynyň birinji ýyly köki ätiýaçlyk iýmit maddalaryny toplap ýognaýar we kök miwesini emele getirýär. Ikilenji ýyly bolsa gülleýär we tohmlaýar. Ýurdumyzyň şertlerinde turp ir ýazda we tomusyň ahyrynda . Tohumlaryny 2-3 sm çuňlukda ekýärler. Gök ekiniň gögermegi üçin amatly şertler bolanda 4-5 günden turp ýeriň ýüzüne gögerip çykýar. Eger ösümlik gür gögeren bolsa, 4-5 hakyky ýaprakly ösümliklerde ýekelemek işleri geçirilýär. Ekilen ösümlikleriň arasy 8-12 sm bolmaly. Köki miwesi 200 – 500 gram ulylykda bolýar.
Turp sorta baglylykda 60 – 90 günde ýetişýär. Häzirki döwürde turpuň dürli görnüşleri bar. Olardan gara turp, ak turp, ýapon daýkony, margilan ýa-da käbir çeşmelerde lobo ady bilen bellidir. Turpuň margilan görnüşine biziň şertlermizde we orta aziýa sebitlerinde ýygy – ýygydan duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda turpuň Aşgabat -1 we Ýerli margelan sorty ekilýär. Bu sort ilat arasynda has köp ekilýän sort hasaplanýar. Turpuň öz boluşly tagamy bolup, suwly we ýumşak ýiti tagamly. Ak- ýaşyl reňkli. Daşky görnüşi tegelek ýa-da slindir formasynda bolýar. Turp ýer saýlamaýar, topraklaryň dürli görnüşlerinde we ýagtylyk pes bolan şertlerde hem ösdürip ýetişdirip bolýar.
Şeýlelik – de bu köki miwe adamzada has irki döwürden belli bolupdur. Sebäbi turp tohumlaryndan ýag alypdyrlar, beýik piramidalaryň gurluşygynda işleýän işçilere turp ýygy – ýygydan iýmit hökmünde beripdirler. Umuman aýdylanda Müsür turpuň watany diýen maglumatlara taryhy çeşmelerde duş gelmek bolýar. Mundan başga-da gadymy Gresiýada turp altyna deňäpdirler. Grekler turpi esasy iýmit hökmünde ulanyp dürli melhemleri taýýarlapdyrlar.
Turp örän peýdaly köki miweli gök ekin. Düzminde glikozidler, aminokislotalar, purin esaslary, efir ýaglary, işjeň fermentler, organiki kislotalara we witaminler toplumyna baýdyr. Olardan PP, A, E, C witaminleri. Aýratyn hem turpuň gabygynda askorbin kislotasy köp mukdarda saklanýar. Turp organzim üçin zerur çalşyp bolmaýan himiki maddalary saklaýar. Turp ir bahar iýmit hökmünde köpräk ulanmaly. Bu döwür witamin ýetmezçiligi köp ýüze çykýar. Mundan başga-da beýleki turpuň görnüşlerinden margelan turpunda minerallar köp mukdarda saklanýar.
Magniý, kalsiý, kaliý, demir, fosfor, sink, kobolt, ftor elementleri. Maglumatlara görä turpuň suwy antiseptiki ýa-da mikroorganizmleriden goraýjylyk häsiýetiniň bardygyny belläp geçýärler. Sebäbi düzüminde fitonsit maddasyny saklap, wiruslardan goraýjylyk ukybyny ýüze çykarýar. Turpuň tagamy näçe ýiti we ajy bolsa şonça-da fitonsidlere baý bolýar. Köplenç turp ýagy kosmetologiýada giňden ulanylýar. Saçlar we ýüzler üçin dürli ýapgylar taýýarlanýar. Ýüzi tegmillerden we meneklerden arassalaýar.
Lukmançylykda bolsa turpuň ynsan immuniteti ýa-da gorag ulgamyny berkidýär diýilip bellenilip geçilýär. Mundan başga-da kelle beýniniň işini gowlaýar, endokrin ulgamyny we nerw ulgamyny berkidýändigi barada käbir maglumat çeşmelerinde duş gelmek bolýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy
Hajyýewa Maýa


