Miwe we gök önümleriň dürli görnüşleriniň gibridlenmegi birnäçe wagt bäri amala aşyrylýar we bu prosesiň esasy maksady daşky gurşawyň ýaramaz täsirlerine has çydamly gibridleri almakdyr. 5 sany adaty bolmadyk gibrid miweler, gök önümler we ir-iýmişler diňe bir öňküden tapawutly häsiýetlere eýe bolman, eýsem üýtgeşik görnüşe hem eýedir.
- Açyk sary etli garpyzlar adaty garpyzlary iýip bolmaýan ýabany garpyzlar bilen çaknyşdyrmagyň netijesinde ýüze çykdy. Daşky görnüşi boýunça bu adaty garpyz ýalydyr, ýöne içindäki etlek bölegi adaty bolmadyk sary reňkde bolýar. Şol bir wagtyň özünde, sary garpyz gyzyl ýaly süýji däldigi sebäpli, gibridiň tagamynyň üýtgändigini köp adamlar belläp geçýärler.
- Gyrmyzy gabygy bolan ýeralma bilen tejribeli bagbanlary geň galdyrmarsyňyz, ýöne düýbünden gyrmyzy kökmiwe hakda näme? Ýeralmanyň bu görnüşi, Kolorado uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirildi. Gyrmyzy ýeralma antosýaniniň mukdary sebäpli bu reňkde bolýar. Bu maddalar antioksidant häsiýetlere eýedir, ýylylyk barlagyndan soňam ýitip gitmeýär.
- Ýoşta kryjownik bilen smorodinanyň arasyndaky gibriddir. Bu smorodina 1930-njy ýyllardan bäri ösdürilip ýetişdirilýär we 1970-nji ýyla çenli ajaýyp gibrid döretmek mümkin däldi. Şeýle ir-iýmişiň süýji we turşy tagamy we biraz smorodinanyň ysy bar, miwäniň ululygy bolsa uly üljäniňki ýalydyr.
- Gyzyl şugundyr öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlarynyň aşpezlik däpleriniň esasy ingrediýentiniň biri hasaplanýar. Bu gök önüm, gökçorba owadan reňk berýär, gyzyl şugundyr bolmasa, winegret işdäaçaryny hem taýýarlap bolmaýar. Ýöne beýleki ýurtlarda gyzyl şugundyrlary halamaýarlar, sebäbi bişirilende töweregindäki ähli zatlary hapalaýar. Şonuň üçin tagamy gyzyl bilen tapawutlanmaýan sary şugundyr ösdürilip ýetişdirildi.
- Erik bilen garalynyň gibridine pluot diýilýär. Bu miwäniň daşky görnüşi garaly ýaly bolup, içi gyrmyzy, gülgüne ýa-da goýy-gyzyl bolup biler. Pluotyň «dogany»-aprium bolup, erik we garalynyň çaknyşdyrylmagynda alnyp erige meňzeşdir. Pluot, ilkinji nobatda desertler we hatda şerap üçin ulanylýan miwe hökmünde baha berilýär, sebäbi erikden we garalydan has süýji tagama eýedir.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby