Dogry iýmitlenmek üçin, köp mukdarda witaminlere we minerallara baý bolan tebigy önümleri iýmitiňize goşmaly. Esasanam, kletçatka baý önümleri iýmeli.Ol iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar ol hem organizme peýdaly täsirini ýetirýär.Käbir alymlar iň peýdaly miweleriň adamyň ýaşaýan klimat zolagynda ösüp ýetişýändigini belleýärler. Ähli miwelerde hem peýdaly maddalar bar. Emma iýmişlerinde köp mukdarda şeker saklanýandygyny unutmaly däl. Miweleri günortandan öň iýmelidigini subut etdiler. Aşakdaky witamine iň baý miweleri öz iýmitiňize goşmak maslahat berilýär:
Kiwi-düzümi witaminlere baý, peýdaly miwe: düzüminde A,C,E,K,D,B witaminler, karatinoidler, ösümlik belogy we kletçatka bar. Minerallardan kalsiý, fosfor we kaliý saklanýar. Ol içegäniň sagdyn bolmagyna täsirini ýetirýär, organizmden galyndylary çykarýar.Bu peýdaly miwäni aşgazan baş keselinde we turşulygyň ýokary bolanda iýmek bolmaýar.
Nar-bu miwe içegede gerekli bolan iýmit süýümlerini özünde saklaýar.Ondan başga-da narda kaliý, C, K witaminler we beýleki peýdaly mikroelementler saklanýar.Düzüminde demriň mukdarynyň köp bolandygy sebäpli göwreli aýallara has hem peýdalydyr. Bu miwe ganazlyga garşy göreşmekde ýardam edýär we çaganyň organizmdäki madda çalşygyny ýola goýýar.
Hurma-A,C,E,K,B6 witaminlerini we kaliý, magniý mikroelementlerini saklaýar.Hurmada köp tanin saklanýar, ol bolsa agzyňy gamaşdyryjy tagam berýär.Hurma damar diwarlaryny berkleşdirýär, böwregiň işini kadalaşdyrýar, galkan görnüşli mäziň ýagdaýyny gowulandyrýar.Ondan başga-da immuniteti güýçlendirýär.Günde 2 sany hurma iýmek maslahat berilýär.
Banan-köp mukdarda kaliý, magniý, Ç we B6 witaminlerini saklaýar.Doly bişmedik miweleri köp pektin saklaýar, ol hem iýmit siňdirişine peýdaly täsirini ýetirýär.Banan sustypeslige garşy, gan basyşyny peseltmekde we energiýa bermekde peýdaly miwedir. Günüň dowamynda iki banandan köp iýmek maslahat berilmeýär.
Näzikjemal Hojaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby