Ýabany hoz ýa-da tokaý hozy, diňe bir ýokumly minerallara baý iýmit çeşmesi bolman, eýsem özboluşly aýratyn häsiýeti we tagamy bilen hemmäni haýran galdyrýar. Ol jomart tebigatyň tokaýa eçilen hakyky bahasyz sowgady diýsek hem ýalňyşmasak gerek.
Ekilýän hozlardan tapawutlylykda, ýabany hoz tebigy ýaşaýyş şertlerinde, tokaý gyralarynda ösmek we ýaşamak üçin göreşmeli ýerlerde ösýär. Ýeliň, ýagyşdyr ýagmyrlaryň we gün şöhlesiniň täsirinde gatylaşan hoz miweleri, ýokumly mineral maddalara, beloklara baýdyr we süýji tagamy aýratyn güýje we energiýa eýedir.
Ýabany hoz, adatça ösdürilip ýetişdirilýän medeni hozlardan has kiçi bolýar. Bu ýabany hozlary iýen badyňa tagamy birbada ajyrak kakar, emma soňra welin ýakymly we üýtgeşik bir süýji tagamy duýarsyňyz. Bu ajaýyp tokaý hazynasy tokaýyň ähli güýjüni özüne siňdirip, adamzat durmuşuna özboluşly tagamly miwelerini eçilýär.
Tagamyndan başga-da ýabany hoz köp peýdaly maddalary öz içine alýar. Ol A, B, C, E we K witaminleriniň, şeýle hem kaliý, magniý, demir we sink ýaly minerallaryň çeşmesidir. Ýabany hozlardan tapylan antioksidantlar we omega-3 ýag kislotalary immuniteti ýokarlandyrmak, beýniniň işleýşini gowulaşdyrmak, holesterini peseltmek we ýürek-damar saglygyny goramak üçin gymmatly iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Ýabany hozlary ýygnamak sabyrlylygy we ussatlygy talap edýär. Hoz miweleri hoz agaçlarynyň şahalarynda ösýär we olary ýygnamak biraz kynçylyk döretmegi mümkin. Ýabany hoz, salatlar, bişirilen önümler, hoz souslary ýaly dürli tagamlarda, şeýle hem damlama we likýor taýýarlamak üçin-de ulanylyp bilner. Olary naharlara goşsaňyz, özboluşly tagam we ys berip, olary aýratyn süýji tagamly edýär.
Ýabany hoz ýygnalanda, bu gymmatly çeşmäni gorap saklamak üçin düzgünleri berjaý etmek möhümdir. Hozlary gurak howada ýygnap, salkyn, gurak ýerde saklamak maslahat berilýär. Şeýle-de, hoz gabyklary infuziýa we bezeg üçin hem ulanylyp bilner.
Oguljan Annageldiýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby


