Baobab dünýädäki iň ýogyn agaç hökmünde bellidir. Onuň baldagynyň diametri 9 metre çenli ýetip bilýär. Iň uly ýaşly baobab agajy 5170 ýaşynda bolup, Senegalda ýerleşýär. Pasylyň örän yssy wagtlary baobab agajy ýapraklaryny dökýär. Baobab agajy barada birnäçe gyzykly maglumatlar:
Tebigatda baobabyň 9 görnüşi bardyr: olaryň alty görnüşi Madakaskar adasynda ýaýrandyr, ikisi Afrika materiginiň çäginde ýene biri Awstraliýada ýaýrandyr.
- Baobab örän gowy çyglylygy saklaýar we siňdirýär-bir sany agaç ortaça 4500 litr suwy sygdyryp bilýär. Şonuň üçin agajyň gabygyny piller gurakçylyk döwründe iýmegi halaýarlar.
- Baobablar üç müň ýyla çenli ýaşap bilýärler.
- Baobablaryň baldagynda ýaş halkalary ýok diýen ýaly, şonuň üçin olaryň ýaşyny radiouglerod senesini belleme usuly arkaly kesgitläp bolýar.
- Baobabyň agajy –ýumşak, süýümli, öýjük-öýjüklidir. Ony mata ýa-da ýüp taýýarlamak üçin ulanýarlar.
- Baobab ýerli ýaşaýjylaryň iýmitiniň rasionynda möhüm orny eýeleýär. Onuň ýapraklary tagamy boýunça şpinata meňzeýär. Onuň miweleri apelsina seredende witamin C-ni 6 esse köp saklanýar, tohumlaryndan ýag alyp bolýar.
- Baobabyň iň erbet duşmany agajy örän tiz dargadýan gara kömelekdir.
- Tebigy şertlerde baobabyňň miwe getirmegi üçin 15-20 ýyl gerek bolýar.
- Şeýle-de baobab uzak wagtlap dargan özeni bilen ýaşap bilýär.
- Boşan baobablar uzak wagtlap suw we nahar saklanýan ýer öý we zyndan hökmünde hyzmat edipdirler. Häzir Keniýada baobab myhmanhana hökmünde ulanylýar, merkezi Afrikada bolsa agajyň içine bar ýerleşdiripdirler.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby



