Alymlar lazer arkaly düşen ýapraklary biodatçiklere öwürdiler. San-Karlos Federal Uniwersitetiniň braziliýaly alymlary uglerod kömürturşy lazerini ulanyp, düşen ýapraklardan biodatçikleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu barlag ACS Durnukly himiýa we in inženerçilik (ACS SCE) ylmy žurnalurnalynda çap edildi.
Lazer agaç ýapragynda islenýän şekili ýakýar we onuň şöhlesi piroliz hadysasynda sellýulozany grafite öwürýär. «Piroliz we karbonizasiýa arkaly kagyz ýüzüne gyzyklanma bildirilýän görnüşi çap etmek üçin kömürturşy lazerini ulandyk. Şeýlelik bilen, dofamin we parasetamol derejesini kesgitlemekde ulanmak üçin elektrokimiki datçik aldyk. Onuň ulanylyşy örän ýönekeý. Birleşmäniň düzümindäki bir damja ergini datçige ýerleşdirilýär we onuň birikdirilen potensiostaty görkezijileri ýüze çykarýar»-diýip, taslamanyň ýolbaşçysy, professor Bruno Ýanegis belläp geçdi.
Synaglaryň görkezişi ýaly, ýaprak biosensorlary dofaminiň 1 litr üçin 10-1200 mikromol/litr aralygynda we parasetamolyň işçi konsentrasiýasy üçin 5-100 mikromol/litr tapmak üçin netijelidigini subut etdi.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby



