Tebigatyň dört paslynyň her biriniň özüne mahsus gözelligi bar. Emma olaryň arasynda ýaz paslynyň tutýan orny aýratyn. Ýaz pasly – janly tebigatyň oýanýan, daş-töweregiň öwüşginlere beslenýän, ýürekleriň nur bilen dolýan pursatlarynyň başlangyjydyr.
Küşpelen garlaryň eremegi bilen daglaryň eteginden süzülip gelýän çeşmeler ýaly, adamlaryň ýüreginde hem täze umytlar, täze arzuwlar oýanýar. Ýaz pasly tebigatyň ilkinji demidir, ol adamyň ýüregine asudalyk, rahatlyk we ruhubelentlik çaýýar.
Tebigat ýaşyl donuna bürenýär, güller gülläp, dürli guşlaryň owazy gök asmana garyşýar. Ine, hut şunda, adam tebigatyň bir bölegi hökmünde şol gözelligi kalby bilen duýýar. Ýaz diňe bir tebigatyň däl, eýsem, ruhuň hem direlişidir.
Ýaz paslynyň tebigatymyza getiren bu gözelligi Gahryman Arkadagymyzyň «Tebigat – biziň baýlygymyz» diýen pähim-paýhasly sözleri bilen sazlaşýar. Ol tebigaty goramagyň, onuň gözelligini wasp etmegiň halkymyzyň ruhy durmuşynyň möhüm bölegidigini nygtaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda tebigatyň baýlygyny goramak, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, ýaş nesillere gözellik duýgusyny ösdürmek maksady bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Ýaz pasly diňe bir tebigat bilen çäklenmän, kalbymyzyň içki dünýäsi bilen hem baglanyşyklydyr. Bu pasyl asudalygyň, jebisligiň, ynsanperwerligiň, ösüşiň we döredijiligiň nyşanydyr.
Şonuň üçin hem ýaz paslynyň her bir güni biz üçin mukaddesdir. Her gül açylan pursat, her guş sesi, her ýaşyl ýaprak tebigatyň bize edýän inçe sözsiz gürrüňidir. Bu pasly wasp etmek – diňe bir tebigaty wasp etmek däl, eýsem, asuda durmuşymyzy, parahatlygyň we ösüşiň höküm sürýän ýurdumyzy wasp etmekdir.
Aýdogdyýew Daniýar Aýdogdyýewiç,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy