Ýemşen- Sorbus graesa dermanlyk we azyklyk daragtyň dünýäde, şol sanda Türkmenistanda 1 görnüşi duşýar.Ýemşen-Bägüller maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 1,5-3 metre ýetýän gyrymsy agaç wekili. Ýemşeniň iki urugy duş gelýär. Kawkaz muşmulasy we ýapon muşmulasy. Kawkaz muşmula urugynyň ýene-de bir görnüşi german ýa-da adaty muşmulasydyr. Ýabany we medeni muşmula Kawkazda we Krymda ösýär. Agaç ýa-da köp sütünli gyrymsy ösümlikdir.
Ýapon ýa-da subtropiki muşmulasy Kawkazda, Gara deňziň kenarýakalarynda we Krymda ösdürilip ýetişdirilýär.Tikenli gyrymsy agajyň ýa-da agajyň sütüniniň gabarasy 20 sm, gyzylymryl-goňur reňkli, ýaşka tüýlüje, pudagy we şahalary çal reňklidir. Ýapragy süýrümtik –neşder şekilli uzynlygy 5-12 sm bolýar. Miweleri alma görnüşli, ini 5-7 sm, sary reňkli, süýji şireli, turşumtyk- süýji tagamly bolup, terligine iýilýär we gaýtadan işlenip, goýy mürepbe, süýjüler üçin suwuk mürepbeler taýýarlanylýar.
Diýarymyzda Günorta-Günbatar Köpetdagda duşýar. Bu ýerler Merkezi Aziýada ýemşeniň ýeke-täk duşýan mesgenidir. Ýurdumyzdaky örän seýrek ösümlikleriň hataryna girýär. Ol Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda goralýar. Ýemşen Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (1999) girizilen. Ýemşeniň köki, ýapragy we sütüniň gabygy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Ösümligiň şahalarynda triterpenoidler: ursol turşusy, ýapragynda- uglewodlar: glýukoza, fruktoza, ksiloza, saharoza, organiki turşulyklar:limon,alma, miwesinde: uglewodlar, glýukoza, fruktoza, ksiloza, saharoza, organiki turşulyklar we tohumynda 10%-e çenli ýag saklanýar. Muşmulanyň düzüminde miwe kislotalary, C,PP,P prowitamin A, pektinlar saklanýar. Düzüminde kaliniň, sinkiň we marganesiň bolmagy organizme özüniň peýdaly täsirini ýetirýär.
Jahan Jumagulyýewa
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi