Ýorunja ösümligi bede taýýarlamak üçin ulanylýar. Ol ösümlik beloklaryna baý bolup, ýerini çalşyp bolmaýan aminokislotalary saklaýar. Şeýle hem belogyñ, karotiniñ, kalsiniñ, magniniñ ýokary mukdarda saklanyşy bilen häsiýetlendirilýär. Ýorunja 2-30 C gögerip bilýär, tohumyñ gögerijilik ukyby 50 C çenli, 5-60 C we ondan hem aşak doñaklyga çydap bilýär. Ýorunja alabaharda 70 C ösüp başlaýar. Gowy şertlerde çyglylyk we ýylylykda (20-220) ýeterlik bolanda orulandan 40-45 günden soñ döwri başlaýar.
Ol 33-400 C çenli yssa durnuklydyr. Ýorunjanyñ baldagynyñ we şahajyklarynyñ sany onuñ gürlügine, topragyñ hasyllylygyna bagly bolýar. Olarda baldaklaryñ sany 3-5-den 40 çenli bolup bilýär.Ýorunjanyñ esasy görnüşleriniñ arasyndaky özara syna aýratynlyklary. Olaryñ gülleriniñ reñki we miweleriniñ şekilleridir. Köpýyllyk ýorunjanyñ ähli güşleri ösümlikleriñ tipine degişlidir. Ýorunja örän tiz boý alyp ösýär. Ol orulandan 10 günden soñ täze baldajyklar emele getirip, onuñ boýy 10 sm ýetýär. Ýylda 5-7 orum edip bolýar, şol sebäpli ýorunja örän ýokary önümli hasaplanylýar.
Sary ýorunja pes boýly, haýal ösýär, ýylda bir ýa-da iki orum edilýär. Şol sebäpli ol ekilýän ýa-da gök ýorunjadan önümliligi pesdir. Sary ýorunja sowuga, duza örän çydamly, şeýle hem zyýankeşlere we dürli kesellere durnuklydyr. Ýorunja däneli ekinlerden bugdaýdan, darydan, sudan otundan, mekgejöwenden soñ ekişe has gowy bolýar. Ýorunja ekilýän meýdany haşal otlardan arassa we çüýrüntgä baý topraklarda ýokary hasyl berýär. Eger ýorunjadan öñ başga ekin ekilşe taýýarkanýar, ýorunja ekilmezden öñ bahar aýlary ilki dyrmyk soñra çizel borona geçirilip taýýarlanylýar. Ekiljek meýdan gowy tekizlenen bolmaly. Eger-de ýorunja ekiljek meýdan gowy tekizlenmedik ýagdaýda gögeriş almak kyn bolýar. Ekilýän döwri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek has gowy netije berýär.
Esasan superfosfat berilse her gektara 50-60 kg möçberde gowy netije berýär. Ýorunja ekilmezden öñ gowy arassalanmalydyr. Ony dine däne arassalaýjy maşynlardan geçirip ekmeli. Ýorunja ekilende tutuşlaýyn ekilýär. Bir gektar ýere ýorunja ekmek üçin suwarymly şertlerde azynda 14-16 kg tohum sepmeli. Ekiş ýörite ýorunja ekýän ekijiler bilen geçirilýär. Tohumy ekmegiñ çuñlugy 2-3 sm barabardyr. Ýorunja gögerip çykandan soñra ideg işleri talap edýär. Ol 6-7 sany hakyky ýapragy emele getirende ösüş suwlary talap edýär. Suwuñ mukdary 600-800 m3/ga çenli tutulýar. Galan suwlar her orumdan soñ berilýär. Kesellere, mör-möjeklere agrotehniki, biologiki, himiki çäreler ulanylýar. Ýorunjanyñ her orumy gülländen soñra orulyp alynýar. Tohum üçin hasyly bolsa kösükleri doly bişenden soñra ýörite maşynlaryñ kömegi bilen geçirilýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby