Elmydama ýaşyl öwüsýän žakaranda baglarynyň häzirki wagtda 50-den gowrak görnüşi
mälimdir. Žakaranda baglarynyň ady guarani halkynyň dilinden gelip çykyp “ýakymly ysly”
diýen manyny berýär. Bu ösümlik Afrikada, Aziýada we Ýewropada medenileşdirilýär. Olar 20-
30 metre çenli ýetip bilýär.
Baglaryň gülleri depelerindäki şahalarynda ýygnanyp, paporotnik şekilliligi bilen meşhurdyr.
Olar dermanlyk serişdeleri hökmünde giňden peýdalanylýar. Lukmanlaryň bellemegine görä,
žakarandalaryň şiresi mikroblardan goraýar. Şeýle-de bu agaçdan dürli ysly atyrlary hem
öndürýärler. Şonuň üçin hem žakarandalar dünýäniň iň gymmatly agaçlarynyň biri
hasaplanylýar.
Gülsoltan KURBANBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň

