Zeýtun – miwesi iýilýän agaç görnüşlerine degişlidir. Zeýtun agajynyň boýy 10 metre çenli ýetip
bilýän gaty, kiçi we ýaşyl süýri ýaprakly agaçdyr. Ol 200 ýyla çenli ýaşap bilýär. Ýaz paslynyň
ahyrlarynda üýtgeşik ysly güli açylýar. Mör-möjekler we şemal arkaly amala tozanlanýar.
Miwesi gara reňkli bolup, miwesiniň içinde gaty şänigi bardyr. Şänikden alnan ýag senagat
pudagynda giňden ulanylýar. Zeýtun agajy örän gaty we berk bolýar. Zeýtun miwesi we ýagy
saglyga diýseň peýdalydyr. Ýapragyndan demlenilen çaý peşew çykaryjy we gyzgynlygy düşüriji
ýaly häsiýetlere eýedir. Şol sanda süýji we gan basyş kesellerinde hem peýdasy uludyr. Zeýtun
ýagy kosmetologiyada hem ulanylýar. Türkiýe, Ispaniýa we Gresiýa ýaly döwletlerde zeýtun
birnäçe asyrlardan bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Zeýtunda köp mukdarda ýag, protein, A, C we E
witaminleri şeýle-de kalsiý, fosfor, kükürt, magniý ýaly minerallar bardyr. Ýürek-damar
keselleri bilen bir hatarda zeýtun tiz garramagyň hem öňüni alýar.
Merjen KAZAKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby