Zirkiň ýapragynda we kökünde berberin, berberiden alkoloidleri, efir ýagy, eý maddasy, miwesinde bolsa alma, limon kislotalary saklanýar. Ol farmaseftikada giňden ulanylýar. Halk lukamançylygynda aşgazan, içege kesellerini bejermekde giňden peýdalanylýar. Lukman Hekim zirki bagry, aşgazan agyrlaryny aýyrmakda ,öt çykaryjy hökmünde , inçe keselleri bejermekde ulnanypdyr. Zirkden alynýan önüm ylmy lukmançylykda sarygetirmäni, öt haltada dörän daşy çykarmakda ulanylýar.
Miwesi bişen soň iýmit iýmit önümi bolup hyzmat edýär hem-de mürepbe, kompot taýýarlanylýar. Şu ýerde bir zada gaty üns bermeli ýagny zirkiň miwesi doly bişmänkä iýmeli däl. Sebäbi bişmedik miwe gaty zäherli bolýar. Hut şol häsiýeti hem zirki derman taýýarlamakda ulanmaga giň mümkinçilik berýär. Bişen miwe gyzyl ýa-da gara uzyn elliptik şekilde bolýar . Miwesi az kaloriýaly iýmit önümi hasaplanýar emma dermanlyk häsiýeti uludyr. Zirkiň 100gramynda 9.5 kkal belok, 0.7kkal ýag, 8 kkal uglrwod bolýar. 100 gramynyň umumy energiýa gymmaty 29 kkal-a deňdir. Ol işdä açyjy häsiýete eýe ýagny düzüminde witamin C bar. Dürli tagamlara goşmaça tagam bermek üçin ulanylýar.
Ter miwesi işdä açarlarda, guradylan önümi etli tagamlar üçin turş tagam bermek üçin ulanylýar. Kawkaz halklary kupat we palaw taýýarlanda zirk goşýarlar. Ol nahara ajaýyp tagam berýär we saglyga peýdaly.Zirk bal berýän ösümlige degişli. Bal onuň tohumyndan öndürilýär.Zirkiň baly altyn sary reňkli näzik tagamlydyr. Agajyndan ,gabygyndan we köklerinden sakyç ýaly üýtgeşik çydamly boýag alynýar. Zirkiň ýapragyndan bolsa ýaşajyk boýag alynýar. Ondan ýüň we ýüpek matalary we beýlekileri boýamak üçin sary altyn öwüşginli ýa-da gyzylymtyl sary reňk alynýar. Zirkiň kakadylan önümi hen giňden ulanylýar. Ony peçiň aşgynda 45-50 derejede guradyp bolýar. Guradylanda takmynan öz täsirini ýitirmän 2 ýyl saklanyp biler. Miweleri kagyzlarda ýa-da konwas haltalarda 3 ýyla çenli saklap bolar, bu diýildigi ýylyň islendik möwsüminde biz ondan peýdalanyp bileris. Zirk gan mukdaryna, gan aýlanyş ulgamyna hem öz täsirini ýetirýär.
Zirk dagyň eňňitlerinde, daşly gaýalarynda, jüllgelerde, çeşmeleriň gyrasynda köp duş gelýär. Türkmenistanda üç görnüşi gabat gelýär: iberiýa zirki, türkmen zirki, gürgüli zirki. Olar Uly Balkanda , Kürendagda , Bathyzda duş gelýär.
Kurbanow Nariman
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby