«Тürkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
«Тürkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goldaw berýär. Bu maksatnamanyň esasy bölegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi boldy.
Bu innowasion bilim giňişligi, 2025-nji ýyla çenli ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmek Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, sanly ulgamlar we beýleki degişli ugurlarda hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenendir.
Bu maksatnamanyň çäklerinde öňdebaryjy IT kompaniýalary, telekeçiler we zehinli raýatlar bu jemgyýetiň agzalary bolmak we dürli taslamalara gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär. «Sanly çözgüt – IT meýdança» programma üpjünçiligini işläp düzmek, hasaplaýyş ulgamlaryny dolandyrmak, web-saýtlary döretmek we elektron resminama dolanyşygyny ornaşdyrmak ýaly giň hyzmatlar toplumyny hödürleýär.
Ýaş nesli taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. 5-14 ýaş aralygyndaky çagalar üçin «Başlangyç esasynda robotehnika» gurnagynda sapaklary geçirilýär, ýetginjekler üçin bolsa kompýuter sowatlylygy we programmirleme boýunça gysga möhletli okuwlar geçirilýär.
Agentlik şeýle-de ýaşlaryň arasynda zehinli taraplaryny ýüze çykarmak we olaryň işläp düzen taslamalaryny ýurduň durmuşynyň dürli ugurlaryna ornaşdyrmak maksady bilen ýylyň dowamynda «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini guraýar.
Bu başlangyçlar Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak we häzirki zaman tehnologik infrastrukturasyny döretmek boýunça toplumlaýyn strategiýanyň bir bölegi bolup durýar. Bu çäreleriň ýurduň tehnologik ösüşini ep-esli çaltlandyrjakdygy we döwlet hem-de hususy hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrjakdygyna garaşylýar.