2023-nji ýyl boýunça geçirilen barlaglara görä, internet giňişliginde iň köp gyzyklanylan söz «emeli intellekt» bolupdyr. Alymlar emeli intellekt tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini hem-de 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan temadygyny belleýärler. Aslynda emeli aň näme? Munuň üçin biz, ilki bilen, ýönekeý aňyň nämedigini anyklalyň! Köp kişi ol diňe adamlarda bardyr öýdüp ýalňyşýar. Aslynda, aň haýwanlarda-da, maşynlarda-da bar. Ýene bir ýalňyş pikir bolsa, aň diňe düşünje hemem hasaplamalar bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Aslynda bolsa, aň diýen zat birgiden ukyp başarnyklary öz içine alýar. Meselem:
• üýtgeşmelere uýgunlaşmagy,
• tejribe toplamagy,
• refleksiýany hemem özüňi bilmegi,
• özüňe erk etmek güýjüni hemem şuňa meňzeşleri.
Gysgaça aýtsaň, aň — şahsyýetiň ýüze çykmasy. Onuň derejesi näçe ýokary boldugyça, şahsyýetem şonça beýgelýär.
Emeli intellekt bolsa, adam aňyndan tapawutlylykda tehnologiýa bolup durýar. Şol tehnologiýa esasynda-da kompýuter özüne berlen algoritmleriň kömegi bilen meseleleri çözýär. Olaram diňe belli bir ugra gönükdirilen bolýar: meselem, sowallara jogap berip bilýän programma, belli tekstleri düzýän programma, suratlary analiz etmäge ukyply bolan we wideoşekilleri düzýän programma ýaly görnüşleri bar. Ähli programmalar hem iňlis harplaryndan düzülen AI harplary bilen belgilenýär.
Emeli intellektiň algoritmleri taýýar formulalar arkaly hasaplama etmän, eýsem, alan netijelerine öz maglumatlarynam goşup bilýärler. Pikir ýöredip bilmek — bu emeli aňyň aýratynlygy. Şol aýratynlygam ony adama golaýlaşdyrýar diýsek ýalňyşmasak gerek.
Emeli intellekt esasynda işleýän programmalar nämäni başarýar?
• bir meseläniň bolup biläýjek hemme çözgüdini öňünden hasaplamagy,
• öz sistemasyna aralaşdyrylan islendik sowala jogap bermegi,
• biri-biri bilen baglanyşygy bolmadyk maglumatlary özüne siňdirip, özleşdirip, birikdirmegi.
«Siri», «Google Assistant», «Yandex Alisa» ýaly sesli kömekçiler, ýa bolmasa telefonuň eýesiniň ýüzüni skanirläp blokdan açylmagy — bularyň hemmesi emeli aňdyr. Diýmek, emeli aň adatdan daşary ýa robotlar bilen bagly çylşyrymly zat bolman, eýsem-de, biziň durmuşymyza gitdigiçe berk ornaşyp barýan kömekçidir. Biz bolsa emeli aňyň we şonuň ýaly döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen durmuşymyzyň barha ýeňlemegini we täze üstünlikleriň gazanylmagyny arzuw edýäris!