Şu ýyl gibridleri hem öz içine alýan dünýäniň elektroulag bazary, takmynan, 22 göterim ýokarlanar. Geljek ýylda ýene 23 göterim ösüşe garaşylýar. Bu barada «EY Global Mobility Consumer Index» kompaniýasynyň barlaglarynda bellenilýär. Elektroulag bazary 2022-nji ýylda 37 göterim, 2023-nji ýylda 29,7 göterim ösüş gazandy. 2024-nji ýylda doly elektroulaglaryň (BEV) satuwynyň 11,2 million bolmagyna garaşylýar. 2022-nji ýylda bu görkeziji 7,4 million bolupdy.
Şeýle-de, geçirilen barlaglar elektroulag satyn almaga bolan gyzyklanmanyň ýokarydygyny ýüze çykardy. Geçen ýylky 55 göterim bilen deňeşdirilende, pikiri soralanlaryň 58 göterimi şu ýyl BEV ýa-da gibrid satyn almagy makul bilýärler. Şonuň bilen birlikde, geçirilen barlaglar sarp edijileriň isleginde üýtgeşmeleriň bolandygyny ýüze çykardy. ABŞ-da awtoulag satyn almak isleýänleriň paýy 60 göterimden 50 göterime, şol sanda elektroulag satyn almak isleýänleriň paýy 48 göterimden 34 göterime çenli azaldy.
Şol bir wagtyň özünde, esasan hem, daşary ýurtlarda hytaý elektroulaglarynyň meşhurlygy artýar. Ýewropanyň elektroulag bazarynda olaryň paýy 2019-njy ýyldaky 4 göterimden 2023-nji ýylda 8 göterime çenli ýokarlandy. Hytaý brendleriniň elýeterli bahasy we hiliniň ýokary bolmagy olaryň esasy aýratynlygy bolup durýar. EY-niň pikir soraşmasy 2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda 28 ýurtdan 19 müň sarp edijiniň arasynda geçirildi.