2024-nji ýylyň awgust aýynda Norwegiýa elektrik awtoulaglaryň satuwy boýunça täze rekord goýdy. Bu barada «ixbt.com» web saýty habar berdi.
Umumy halka gowşurylan täze awtomobilleriň içinde elektromobilleriň paýy 94,3 göterime barabar boldy. Maglumatlara göra, tomsuň soňky aýynda ýurtda hasaba alnan 11 114 täze awtoulagyň 10 480-si doly elektrikleşdirilen, 410-sy bolsa gibrid awtoulaglarydyr. Benzin we dizel awtoulaglaryndan bary-ýogy 224 sanysy satyldy. 2024-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Norwegiýadaky elektrik awtoulaglarynyň paýy 86,8 göterime deň boldy, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglar bolsa satuwyň bary-ýogy 3,4 göterimini emele getirdi.
Iň meşhur model, awgust aýynda satuwy 2100 ekzemplýardan geçen «Tesla Model Y» modelidir. Norwegiýa içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan awtoulaglaryň satylmagyny gadagan eden ilkinji ýurtdur. Bu kanun 2025-nji ýylda güýje girer. Şeýle çäreler kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilendir. Norwegiýadaky elektrik ulaglarynyň üstünligi, zarýad beriş beketleriniň giň ulgamy, esasan-da, gidroelektrik beketleri tarapyndan öndürilýän arassa energiýanyň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.