NordPass iň köp ýaýran 200 parolyň 2024 wersiýasyny çykardy. NordStellar bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan täze hasabatda 44 dürli ýurtda iň meşhur 200 parol bar. Sanawyň tertibi şu ýyl üýtgese-de, hemmesi henizem sanlardan durýar.
2024-nji ýylyň iň köp ulanylýan parollary
Her ýyl bolşy ýaly, NordPass açyk çeşmelerden 2,5 TB maglumatlar bazasyny gözden geçirdi we iň köp ýaýran 200 parolyň 2024 wersiýasyny neşir etdi. 2024-nji ýylda dünýäde iň köp ýaýran parol ýene bir gezek «123456» boldy. Bu parol döwmek üçin bir sekuntdanam az wagt gerek. Şeýle hem sanawda «123456789«, «qwerty123«, «111111«, «secret«, «abc123«, «iloveyou» we elbetde «password» ýaly parollar bar.
Dünýäde iň köp ýaýran 10 parol aşakdakylar:
- 123456
- 123456789
- 12345678
- password
- qwerty123
- qwerty1
- 111111
- 12345
- secret
- 123123
Görşüňiz ýaly, gaty ýönekeý parollar ulanylýar, internete howpsuz girmek üçin ulanýan parollarymyzyň ýatdan çykmajak we çylşyrymlydygyna göz ýetirmeli. Ýönekeý parollar kiber hüjümçiler üçin aňsat nyşandyr. Doglan senesi, öý haýwanlarynyň atlary ýa-da yzygiderli sanlar ýaly parollary çaklamak, hasabymyzyň bozulmagyna sebäp bolup biler. Güýçli parol baş we kiçi harplaryň, sanlaryň we ýörite nyşanlaryň utgaşmasyndan ybarat bolmaly. Her hasap üçin başga parol ulanmak hem möhümdir. Şeýlelik bilen, hasaplaryňyzyň biri bozulan hem bolsa, beýleki hasaplaryňyza howp abanmaýar. Internetde howpsuz gezmek we Kiberhowpsuzlyk barada has giňişleýin maglumat almak üçin şu makalany okap bilersiňiz: