Bütindünýä Intellektual eýeçilik guramasy (WIPO) tarapyndan çap edilen 2025-nji ýylyň Global Innowasiýa Indeksi («Global Innovation Index») sanawyna görä, innowasiýa işjeň maýa goýýan hem-de ony gündelik durmuşa ornaşdyrýan ýurtlar we şäherler tehnologik ösüşde öňdebaryjy bolýarlar.
Bu sanaw San-Fransiskodan Şençžen şäherine çenli dünýäniň iň uly 100 innowasiýa merkezini öz içine alýar, olar ähli global patentleriň we maýa goýumlarynyň 70 göteriminden gowragyny düzýär.
Geliň, 2025-nji ýyl boýunça dünýäde «Iň akylly şäher» diýlip ykrar edilen ýedi şäheriň — Şweýsariýanyň Sýurih (1-nji orun) we Ženewa (3-nji orun, Norwegiýanyň Osla (2-nji orun), BAE-niň Dubaý (4-nji orun) we Abu-Dabi (5-nji orun), Beýik Britaniýanyň London (6-njy orun), Daniýanyň Kopengagen (7-nji orun) şäherleriniň sanly tehnologiýalar bilen emeli aň ulgamlaryna gönükdirilen döwrebap şähergurluşyk aýratynlyklary barada gysgaça durup geçeliň.
1. Sýurih (Şweýsariýa)
Sýurihiň «Akylly şäher» («Smart City») hökmünde gazanan üstünligi 2018-nji ýylda işe girizilen oýlanyşykly «Smart City Zürich» strategiýasyna esaslanýar. Şäher ýol hereketini gözegçilikde saklamak we kämilleşdirmek, jemgyýetçilik hyzmatlaryny gowulandyrmak üçin sanly platformalary ulanýar.
«Open Zurich» taslamasy maglumatlaryň açyklylygyny üpjün edýär we hökümet, täze kompaniýalar we şäher meýilnamalaşdyryjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Şäheriň sanly ekoulgamy ulag hem-de energiýa ulgamlaryny öz içine alýar: ZVV programmasy awtoulaglary, otlulary we elektrosamokatlary bir bitewi ulgamda birleşdirýär, senagat kärhanalary tarapyndan öndürilýän ýylylyk energiýa bolsa binalary we sowatmak üçin ulanylýar.
Goşmaça hakykat (AR) we «sanly ekizler» ýaly döwrebap gurallar has howpsuz we has durnukly binalary dizaýn etmäge mümkinçilik berýär.
2. Oslo (Norwegiýa)
2019-njy ýyldan bäri Oslo dünýäniň akylly şäherleriniň reýtinginde ikinji orny saklaýar we ekologiýa taýdan arassa hem-de toplumlaýyn ösüş ugrundan ýokary AAA derejesine eýe boldy. «Ýewropanyň ýaşyl paýtagty» diýen ada mynasyp bolan şäher, häzirki wagtda hem ýokary derejeli ekologiýa maksatlaryny öňe sürýär.
Elektrik ulaglary häzirki wagtda ähli hususy awtoulaglaryň 40 göterimini we täze satuwlaryň 90 göterimini düzýär (2024-nji ýyl boýunça). 50 taslamany öz içine alýan «FutureBuilt» maksatnamasy ulag merkezleriniň golaýynda pes uglerodly binagärligi döretmäge gönükdirilendir.
Oslo energiýasynyň takmynan 60 göterimini gidroenergetik çeşmelerinden öndürýär. Şeýle hem Oslo «Toll Ring» ulgamy zyňyndysyz ulaglaryň ulanylmagyny höweslendirýär we ýygnalýan tölegler şäheriň “ýaşyl” infrastruktura taslamalaryna gönükdirilýär.
3. Ženewa (Şweýsariýa)
Ženewa «Akylly şäher» («Smart City») indeksinde öz ornuny has-da berkitdi we ýene-de AAA derejesini aldy. Bu bolsa Şweýsariýanyň innowasiýalar ugrundaky öňdebaryjylygyny tassyklady. «Smart Canton» maksatnamasynyň çäklerinde şäher infrastrukturasyna giň gerimde sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.
Durnukly ösüşe aýratyn üns berilýär. «TetraEner» taslamasy täzelenme we täze gurluşyk işlerini utgaşdyryp, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň paýyny artdyrmaga ýardam edýär. «Geneva Lac Nations» maksatnamasy bolsa, binalary ýyladyş, sowadyş we suwaryş bilen üpjün edýän gidroelektrik ulgamyna birikdirýär.
«LoRaWAN» ulgamy ekologik görkezijilere gözegçilik etmek hem-de energiýa ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin ulanylýar. Ženewa şol bir wagtyň özünde bilim derejesi, raýatlaryň çözgüt kabul etmäge gatnaşmagy we ýaşyl zolaklaryň sany boýunça-da ýokary orunlary eýeleýär.

4. Dubaý (BAE)
Dubaý 2025-nji ýylyň «Akylly şäher» («Smart City») indeksinde 12-nji orundan dördünji orna çykyp, täsirli bir böküş etdi. Şäheriň maksady — emeli iaň we sanly tehnologiýalara daýanyp, ýer ýüzündäki iň bagtly we iň akylly şäher hökmündäki ornuny berkitmekdir.
Şäheriň strategiýasy alty sany esasy sütün boýunça gurulýar:
ykdysadyýet, durmuş, dolandyryş, ekologiýa, adamlar we hereketlilik. Müňlerçe datçik we kamera bilen enjamlaşdyrylan akylly ulag ulgamlary ýol dyknyşyklaryny 20 göterim azaltmaga mümkinçilik berýär, ýol düzgünleşdiriji agentlik bolsa, ýol hereketini hakyky wagt režiminde dolandyrýar.
Dubaý ýaşyl başlangyçlary işjeň hem durmuşa geçirýär: Dubaý “ýaşyl” başlangyçlary hem işjeň ornaşdyrýar: «DEWA Smart Grid» we «Dubai Silicon Oasis» taslamalary energiýa netijeliligini ýokarlandyrýar we BAE-niň 2050-nji ýyla çenli 75 göterim arassa energiýa ýetmek maksadyna goldaw berýär.

5. Abu-Dabi (BAE)
BAE-niň paýtagty dünýä derejesindäki ornuny güýçlendirip, reýtingde onunjy ýerden ýokary galyp, bäşinji ýerden orun aldy. Emeli aň we zatlaryň interneti (IoT) tehnologiýalaryna esaslanýan bäş ýyllyk maksatnama bolan «Zaýed Smart City» taslamasy 2024-nji ýylda işe girizildi.
Kornişdäki synag zolaklary eýýäm akylly yşyklandyryş, awtoduralga we ýol hereketini dolandyrmak ulgamlaryny synagdan geçirýär. TAMM atly sanly platforma ýüzlerçe döwlet hyzmatlaryny ýeke-täk bir onlaýn portala birleşdirdi we kagyz ulanylyşyny 90 göterimden gowrak azaldy.
Şäher 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyna ýetmegi maksat edinýän Durnukly Energiýa Strategiýasynyň çäklerinde elektrik we gibrid ulaglary ulaglaryň ulanylyşyny işjeň ösdürýär.

6. London (Beýik Britaniýa)
London durnukly şäher döretmekde öňdäki orunlary eýeledi we bu ugurda birnäçe başlangyçlary durmuşa geçirdi, mysal üçin: şäher merkezine giriş üçin töleg («Congestion Charge»), kontaktsyz töleg ulgamlary we ultra pes zyňyndyly zolagy (ULEZ) döretmegi ýola goýdy.
2025-nji ýylyň ahyryna çenli Londan metropolitende 2000 kilometrlik tor ulgamynyň gurulmagy meýilleşdirilýär, bu bolsa ähli otlularda we tunellerde 4G we 5G arkaly üznüksiz aragatnaşyk üpjün eder.
Açyk maglumat platformalary startaplara we programma işläp düzüjilere akylly awtoduralgalardan başlap, daşky gurşawyň gözegçilik ulgamlaryna çenli şäher maglumatlaryna esaslanýan hyzmatlary döretmäge mümkinçilik berýär. Bu ähli çäreler ýol dyknyşyklaryny azaltmaga we şäher daşky gurşawynyň hiliňi ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
7. Kopengagen (Daniýa)
Kopengagen 2025-nji ýylyň «Akylly şäher» («Smart City») indeksinde ýedinji orny eýeleýär. 2009-njy ýylda kesgitlenen maksat — 2025-nji ýyla çenli dünýäde ilkinji uglerodsyz şäher bolmak — şäheriň ösüş strategiýasynyň esasy bölegidir.
Şäher üç sany ileri tutulýan ugur boýunça hereket edýär: uglerodsyzlyga, durnukly durmuş ýörelgesine we ykdysady ösüşe ýetmek. Ilatyň altmyş iki göterimi her gün işe welosiped bilen gidip, 400 kilometrlik welosiped ýollarynyň ulgamyny ulanýarlar.

Infrastruktura we «Kopengagen Connecting» maksatnamasyna maýa goýumlary takmynan 600 million ýewro möçberinde sosial-ykdysady peýda getirer we şäheriň durnukly innowasiýalarda lider hökmündäki derejesini berkider.





