Bütindünýä akylly telefon bazarynda öndürijilik we tizlik bäsleşigi iň ýokary derejesine ýetdi. Enjamlaryň kuwwatyny ölçeýän iň meşhur platforma bolan AnTuTu, 2026-njy ýylyň aprel aýy üçin iň güýçli Android telefonlarynyň sanawyny köpçülige ýetirdi. Sanawda esasy üns çeken zat, prosessor öndürijileri bolan Qualcomm (Snapdragon) we MediaTek arasyndaky tutanýarly göreşiň segmentlere görä bütinleý üýtgemegidir.
Flagman (ýokary) ýerde snapdragon agalyk edýär

Iň ýokary öndürijiligi talap edýän flagman (premium) telefonlaryň sanawynda zirwe üýtgemedi. Iň oňat 10 enjamyň 9-synda “Snapdragon 8 Elite Gen 5” prosessorynyň ulanylmagy, Qualcomm-yň bu nesilde çynlakaý artykmaçlyk gazanandygyny aýdyň görkezýär. Bäsdeşi “Dimensity 9500” prosessory bolsa sanawda diňe ýekeje model bilen wekilçilik edýär.
Iň güýçli 10 flagman telefon:
- iQOO 15 Ultra – 4.126.940 bal
- iQOO 15 – 4.102.621 bal
- Red Magic 11 Pro+ – 4.098.742 bal
- realme GT8 Pro – 3.968.443 bal
- OPPO Find X9 Ultra – 3.941.792 bal
- OnePlus Ace 6 Ultra – 3.938.102 bal
- Honor Magic 8 Pro – 3.810.592 bal
- Honor Magic 8 – 3.808.833 bal
- vivo X300 Ultra – 3.797.824 bal
- OnePlus 15T – 3.793.016 bal
Orta-ýokary segmentde mediatek bütinleý rüstem
Ýokary we orta segmentleriň sepgidinde ýerleşýän telefonlaryň sanawynda bolsa ýagdaý bütinleý başgaça. Bu kategoriýada öňdebaryjylygy “iQOO Z11” modeli saklap gelýär. Iň gyzykly maglumat bolsa, bu sanawdaky ähli (10-dan 10) telefonlaryň MediaTek kompaniýasynyň “Dimensity 8” seriýaly çipleri bilen üpjün edilmegidir. Snapdragon bu sanawa hiç hili enjam girizip bilmedi.
Iň güýçli 10 orta-ýokary segment telefon:
- iQOO Z11 – 2.323.047 bal
- Honor Power 2 – 2.206.038 bal
- OPPO K15 Pro – 2.156.817 bal
- OPPO Reno15 Pro – 2.114.513 bal
- OPPO Reno15 – 2.081.709 bal
- Redmi Turbo 5 – 2.053.009 bal
- realme Neo7 SE – 2.033.428 bal
- OPPO K13 Turbo – 2.000.656 bal
- iQOO Z10 Turbo – 1.987.777 bal
- OPPO Reno14 Pro – 1.983.199 bal
Planşetler bazarynda üýtgeşiklik ýok
Aprel aýynyň maglumatlaryna görä, planşet kategoriýasynda hem ýokary öndürijilik bäsleşigi dowam edýär. Bu sanawda birinji orny “vivo Pad 6 Pro” modeli eýeleýän bolsa, onuň yzýanyndan “Lenovo Legion Tab Y700 (Gen 5)” we “OPPO Pad 5 Pro” modelleri gelýär. Planşetler bazarynda-da edil flagman telefonlarynda bolşy ýaly, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessorly enjamlar has köp agdyklyk edýär.
Akylly telefon we planşet bazaryndaky bu güýçli bäsleşik, geljekde ulanyjylara has ýokary öndürijilikli enjamlaryň garaşýandygyny aýdyň görkezýär. Öndürijileriň arasyndaky bu innowasion göreş, sanly dünýäniň tizligini we mümkinçiliklerini çäksiz giňeltmegini dowam etdirer.


