Hytaýyň Uçarmanly kosmos uçuşlary maksatnamasynyň dolandyryjy edarasynyň resmi wekili Çžan Szinbonyň aýtmagyna görä, CZ-10 (“Çançžen-10”) raketa göterijisiniň, “Mençžou” kosmos gämisiniň, şeýle hem gonuş we gulluk modullarynyň hem-de Aýda gezmek üçin niýetlenen ulagyň (lunaýot) ilkinji nusgalary taýýarlanyp tamamlandy.
Hytaý 2030-njy ýyla çenli taýkonawtlary Aýa gondurmak bilen bagly meseleleri üstünlikli işläp taýýarlamagy dowam etdirýär. Bu barada Hytaýyň Uçarmanly kosmos uçuşlary maksatnamasynyň dolandyryş edarasyndaky resmi wekili Çžan Szinbo mälim etdi.
“Adamly Aý maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň taýýarlyk meýilnamasy boýunça biz üstünlikli öňe barýarys” diýip, ol metbugat ýygnagynda aýtdy.
Resmi wekiliň bellemegine görä, umuman alanyňda, Aý missiýasynyň çäklerinde ulanyljak “Çançžen-10” raketa göterijisiniň, “Mençžou” gämisiniň, gonuş we gulluk modullarynyň, şeýle hem Aýda hereket etjek ulagyň ilkinji nusgalary taýýarlanyp tamamlandy. Ol şeýle hem adamyň Aýa düşürilmeginiň 2030-njy ýyla çenli amala aşyrylmagyna degişli meýilnamanyň üýtgewsiz galýandygyny tassyklady.
Russiýa Hytaý bilen kosmos ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň biri bolup durýar. 2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý hökümeti bilen bilelikde Halkara ylmy Aý beketini (stansiýasyny) döretmek boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygy tassyklamak baradaky kanuna gol çekdi. Täze beket (stansiýa) daşdan dolandyrylýan ylmy-barlag toplumydyr. Bu taslama 2028-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär, Hytaý bolsa 2030-njy ýylda taýkonawtlary Aýa düşürmegi maksat edinýär.




