Hytaýyň Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de ykjam aragatnaşyk assosiasiýasynyň öňdebaryjy ylmy işgäriniň bellemegine görä, altynjy nesil ykjam aragatnaşyk torlarynyň tehnologiýasy degişli standartlar hasaba alnandan soň, takmynan 2030-njy ýylda täjirçilik maksatly ulanylyp başlar
Bütindünýä telekommunikasiýa pudagy 6G tehnologiýasynyň ösüş ugurlary, ulanylyş ssenariýalary we esasy talaplary barada ylalaşyga geldi. Şanghaý gazna biržasynyň geçiren çäresinde çykyş eden Suň Şaohuýyň (Sun Shaohui) bellemegine görä, degişli standartlaryň 2030-njy ýylda kabul edilmegine garaşylýar.
«Bäşinji nesil ulgamlary bilen deňeşdirilende, 6G üç esasy ulanylyş ssenariýasyny öz içine alýar: datçikler bilen aragatnaşygyň utgaşdyrylmagy, emeli aň bilen aragatnaşygyň utgaşdyrylmagy, şeýle hem kosmos, howa we ýer giňişlikleriniň özara utgaşdyrylmagy», — diýip, China Mobile Communications Group-uň baş bilermeni Toň En (Tong En) öz çykyşynda belledi.
6G torlarynyň ýaýradylmagy bilen aragatnaşyk serişdeleriniň, datçikleriň, hasaplaýyş enjamlarynyň, emeli aňyň (AI), şeýle-de kosmos, howa we ýerüsti örtügiň çuňňur integrasiýasy üpjün ediler, diýip bilermen belledi. Bu programma üpjünçiliginiň (software) funksional mümkinçiliklerini şu ugurlaryň hemmesinde çeýe dolandyrmaga we ýeke-täk fiziki infrastrukturany emele getirmäge mümkinçilik berer — aragatnaşyk tory hyzmat mümkinçiliklerini jemleýän bir platforma we esas hökmünde öwrüler. 6G-niň ýüze çykmagy bilen birikme tizligi, garaşylýan wagt (zaýeržka) we birikmeleriň sany ýaly görkezijiler ep-esli gowulanar, hyzmatlaryň paýlanylyşy bolsa sazlaşdyrylyp we şahsyýetleşdirilip bilner,
Ton Eniň bellemegine görä, Hytaý 5G pudagynda dünýä liderligine çykdy. 6G-de orunlaryny pugtalandyrmak üçin bolsa, ýurt goýmalary, tehnologiýalar, standartlar, senagat we toruň ýaýradylmagynyň mehanizmleri babatynda köp sanly kynçylyklary çözmeli bolar. Hytaý 6G ugry boýunça gözleg işlerine 2018-nji ýylda başlady, tehnologiki gözleglerden standartlaşdyrmaga we önümçilige geçiş bolsa 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlady.



