«Samsung» kompaniýasy täze, elýeter bahaly «Galaxy M05» smartfonyny hödürledi. Bu barada «hi-tech.mail.ru» neşiri habar berdi.
Maglumatlara görä, «Galaxy M05» «M» kysymly smartfonlaryň içinde iň uly displeýli enjam bolar. Smartfonda 6,7 dyuymlyk «HD+» «IPS» hilli ekran, «MediaTek Helio G85» prosessor, 4 GB işjeň we 64 GB esasy ýat ornaşdyrylypdyr.
«Galaxy M05» 25W-lyk 5000 mAs göwrümli batareýa bilen üpjün edilip, ol eýesine 2 güne çenli hyzmat edip biler. Şeyle-de smartfonyň bazarda hytaý öndürijileri bilen bäsleşjekdigi beýan edilýär.



