ABŞ-niň Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň hukuk fakultetinde emeli aň bilen işleýän çat-botlar hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň ornunda çykyş etdirilip, adaty bolmadyk synag geçirildi.
Emeli aň oturdaşlara talaňçylykda günäkärlenýän ýetginjek baradaky işde höküm çykarmak tabşyryldy. Synaga OpenAI-yň ChatGPT-si, xAI-iň Grok-y we Anthropic-iň Claude-i gatnaşdy. Botlara diňlenişigiň hakyky wagtlaýyn ýazgysy berildi, şondan soň olar duşuşyklary gatnaşyjylaryň öňünde ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň pikir alyşmalary üç sany uly ekranda görkezildi.
Mejlisiň soňunda hukuk professory hem-de hukuk ugrundan bilimli filosof emeli aňy kazyýet işlerinde ulanmak pikiri bilen ylalaşmadylar. Olar emeli aňyň şaýatlaryň beden dilini seljermäge, adam psihologiýasyny, tejribesini we duýgulary göz öňünde tutmaga ukyply däldigini bellediler. Mundan başga-da, algoritmlerde eýýäm jynsparazlygyň ýüze çykýan ýagdaýlary barada mysallar bar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, synagyň maksady şeýle tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen takyklykda, netijelilikde we garaşsyzlykda ýüze çykyp biljek meseleleri görkezmekden ybarat.
Futurism-iň maglumatlaryna görä, emeli aň resmi taýdan kazyýet mejlislerine gatnaşmaga heniz rugsat edilmeýär. Şeýle-de bolsa, bu çat-botlaryň üçüsiniň hem eýýäm real işlerde hukukçylar tarapyndan ulanylandygy mälim. Şeýle ýagdaýlarda algoritmler käwagt ýok kazyýet işlerine salgylanyp, olary bar ýaly görkezýär — netijede käbir kazylar hukukçylara temmi bermeli bolýarlar.
Şeýle wakalara garamazdan, emeli aň tehnologiýalary kazyýet ulgamynda meşhurlygyny artdyrýar. Reuters-iň geçiren soraşmasyna görä, hukukçylaryň takmynan dörtden üç bölegi emeli aňy öz işlerinde peýdaly gural diýip hasaplaýarlar.



