ABŞ-da täze “sessiz”, aşa tiz X-59 uçarynyň ilkinji synag uçuşy geçirildi. Bu uçary Lockheed Martin kompaniýasy NASA bilen hyzmatdaşlykda döretdi. Uçar Kaliforniýanyň Palmdale şäherindäki ABŞ-nyň Howa güýçleriniň bazasynda ýerleşýän Skunk Works zawodyndan uçup, Edwards bazasyna gonuş etdi. Ilkinji uçuş pes (aşa tiz däl) tizlikde amala aşyryldy, ýöne kompaniýa geljekki aýlarda supersonik (aşa tiz) uçuşlary hem geçirmegi meýilleşdirýär. Çaklamalara görä, X-59 ses tizlikden 1,4 esse ýokary tizlige ýetip biler.
Ilkinji synag uçuşy: X-59

ABŞ-da geçirilen bu ilkinji uçuş Lockheed Martin we NASA tarapyndan döredilen howa gämisiniň uçuş aýratynlyklaryny barlamak üçin geçirildi. Kompaniýanyň beýanatynda şeýle diýilýär:
“X-59 ähli zerur synag tapgyrlaryny üstünlikli geçdi, uçuş aýratynlyklaryny barlap, howpsuz ýagdaýda täze meýdana gondy”.
Skunk Works zawodynyň wise-prezidenti O. J. Sançes: “Lockheed Martin kompaniýasynyň “sessiz” supersonik tehnologiýalaryň öňdebaryjysy bolmagyna buýsanýarys” — diýip belledi.
NASA-nyň wagtlaýyn ýolbaşçysy Şon Daffi bolsa uçary “amerikan döredijiliginiň nyşany” diýip atlandyrdy.
Gelejekki maksatlar
New Atlas portalynyň habar bermegine görä, ilkinji uçuş diňe tehniki mümkinçilikleri görkezmek üçin pes tizlikde geçirildi. Lockheed Martin kompaniýasynyň beýanyna görä, supersonik uçuşlary öz içine alýan giň gerimli synag tapgyrlary öňümizdäki aýlarda geçiriler.
Synag uçuşlary tamamlanandan soň, NASA uçary ABŞ-nyň dürli şäherleriniň üstünden uçurmagy meýilleşdirýär. Maksat — uçaryň döredýän sesi we adamlaryň ony nähili kabul edýändigi baradaky maglumatlary toplamak. Bu maglumatlar soňra Raýat awiasiýasynyň federal dolandyryşyna (FAA) we halkara düzgünleşdiriji edaralara berler. Netijede, bu maglumatlar gury ýerde täjirçilik supersonik uçuşlaryna goýlan gadaganlyklary täzeden seretmäge kömek edip biler.
X-59 uçarynyň döredilişi
Täze uçaryň taslamasy 2018-nji ýylyň aprelinde başlandy. Şol wagt NASA, Lockheed Martin bilen 247,5 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyryna çenli “aşak basyjy ses tolkuny” bolan uçary döretmeli bolupdy. 2019-njy ýylyň iýunynda bu taslamanyň ady resmi taýdan X-59 QueSST (Quiet SuperSonic Technology) diýip goýuldy.
2019-njy ýylyň ahyrynda Lockheed Martin uçaryň jemleýji ýygnalyşyna rugsat aldy we ony 2020-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirdi. Ilkinji uçuşlar 2023-nji ýylda geçirilmeli diýlip meýilnamalaşdyrylan bolsa-da, tehniki meseleler sebäpli wagt yza süýşürildi.
Uçaryň aýratynlyklary
X-59 QueSST uçarynyň uzynlygy 99,7 fut (takmynan 30,4 metr), ganatlarynyň giňligi bolsa 29,5 fut (takmynan 9 metr).
Onuň esasy aýratynlygy — uzyn, in, burun bölegi we ses tolkunyny azaldýan täze ganat gurluşy.
Aşa tiz uçýan uçarlarda ses tolkuny öňde ýygnanyp, “gök gümmürdisine” meňzeýän güýçli ses döredýär. X-59 uçarynyň aerodinamik gurluşy bu tolkuny uçaryň burun böleginde toplamak ýerine, ony uzyn korpus boýunça paýlaýar. Netijede, çykýan ses gökgümmürdi ýaly däl-de, ýönekeýje awtoulag gapysynyň ýapylyş sesine meňzeýär.
Uçaryň hereketlendirijisi onuň üst tarapynda ýerleşýär. Pilot kabinasynda adaty penjire ýok — onuň ýerine daşarky kameralardan gelýän şekilleri we ýer relýefiniň maglumatlaryny görkezýän ýokary çözgütli 4K monitor ýerleşdirilen.
Çaklamalara görä, X-59 ses tizlikden 1,4 esse çalt uçup biljek.



