Hytaýly alymlar täze innowasiýa açyşy bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekdi. Smartfonlara we beýleki elektron enjamlaryna adam bedeniniň temperaturasy bilen işlemäge mümkinçilik berýän özboluşly tehnologiýa oýlap tapdylar.
Tehnologiýanyň döredilmegi
Maglumatlara görä, gözlegçiler ýörite rezin madda döretdiler. Bu material adam bedeni tarapyndan çykýan ýylylygy elektrik energiýasyna öwürmek ukybyna eýedir. Adatça adam bedeniniň ortaça temperaturasy 37 dereje, daşky gurşawyň temperaturasy 20-30 dereje bolýar. Bu temperatura tapawudynyň üsti bilen energiýa öndürip boljakdygy anyklandy.
Mümkinçilikleriň ýüze çykarylmagy
Alymlar bu tehnologiýanyň dürli maksatlar üçin ulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar. Mysal üçin, elektrik üpjünçiligi bolmadyk ýerlerde smartfonlara ýa-da beýleki enjamlara zarýad bermek, lukmançylyk enjamlaryny ulanmak we şol sanda telefony egin-eşigiň içine salmak bilen güýçlendirmek mümkin bolar.
Mundan başga-da, bu material diňe bir energiýa öndürmän, eýsem adam bedeni üçin amatly temperatura gurşawyny saklamaga hem kömek edip biler. Şeýlelik bilen, adam bedeniniň temperaturasyny netijeli ulanmak mümkinçiligini döretýär.
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby
Begmyradowa Aýlar


