Adobe kompaniýasy Max konferensiýasynda Creative Cloud programmalary — Photoshop, Premiere Pro we Lightroom üçin täze emeli aň (EA) gurallaryny hödürledi. Täze mümkinçilikler surat we wideo redaktirlemekde wagt alýan işleri awtomatlaşdyrmaga gönükdirilen bolup, olar giňeldilen Generative Fill funksiýasyny, üçünji tarap EA modelleriniň integrasiýasyny we wideolarda obyektler bilen täze işleşiş mümkinçiliklerini öz içine alýar.
Photoshop programmasynda indi Generative Fill guralynda Adobe kompaniýasynyň diňe öz Firefly modelini däl-de, eýsem beýleki EA modellerini, ýagny Google kompaniýasynyň Gemini 2.5 Flash modelini ýa-da Black Forest Labs kompaniýasynyň Flux.1 Kontext modelini hem ulanmak bolýar. Ulanyjy suraty saýlap, tekst görnüşinde buýrugy ýazandan soň (meselem, «obyekti goş» ýa-da «çalyş» diýse), redaktor dürli netijeleri almak üçin modelleriň arasynda geçip biler.

Mundan başga-da, Photoshopyň web wersiýasynda ýapyk beta-testde täze chat-bot görnüşindäki EA kömekçi peýda boldy. Ulanyjy oňa «doygunlygy artdyr» ýaly buýruk berip biler, programma bolsa şol effekti awtomatik ýerine ýetirýär. Şol bir funksiýa ýakyn wagtda Adobe Express programmasynda-da açyk beta görnüşinde elýeterli bolar.
Lightroom üçin bolsa täze “Akylly saýlama” (“Assisted Culling”) atly beta-funksiýa görkezildi. Bu funksiýa köp sanly suraty seljerip, olaryň tizligi, burçy we fokusy boýunça seljerýär hem-de redaktirlemäge iň gowy kadrlary hödürleýär.
Şu ähli gurallaryň düýbünde ýerleşýän Firefly atly surat dörediji model hem täzelendi. Adobe kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, täze Firefly Image 5 modeli indi 4 megapiksel tebigy çözgütde surat döredip bilýär we rezolýusiýany ýokarlandyrmazdan has realistik adam keşbini görkezmäge uýgunlaşdyryldy. Bu model tekst görnüşindäki görkezmelere hem düşünýär we Photoshop üçin Layered Image Editing (gatlakly surat redaktirleýiş) guralynda ýerine ýetirildi.
Premiere Pro programmasynda bolsa, indi köpçülikleýin betada wideo redaktirlemek üçin täze “EA obýekt maskasy” (AI Object Mask) atly gural peýda boldy (häzirki wagtda açyk beta görnüşinde). Bu gural wideo kadrlardaky adamlary we obýektleri awtomatiki usulda saýlaýar, reňkleri düzetmek, fon bulaşyklygy we hereket edýän obýektlere wizual effekt goşmak, ruçka bilen, el bilen saýlamagyň zerurlygyny aradan aýyrýar.



