Häzirki döwrüň oba hojalygynda durnukly ösüşe ýetmek, himiki serişdeleri tygşytly ulanmak we daşky gurşawy goramak meseleleri iň möhüm wezipeleriň biridir. Bu babatda täze ylmy-usuly ugurlaryň biri hökmünde nanotehnologiýalar oba hojalygynyň ähli pudaklarynda, hususan-da agrohimiýa ulgamynda giňden ornaşyp başlady.
Nanotehnologiýa — maddalaryň örän ownuk, nanoölçegli bölejiklerini taýýarlamak we ulanmak arkaly olaryň fiziki, himiki we biologiki häsiýetlerini gowulandyrmak usulydyr. Agrohimiýada bu tehnologiýa esasan dökünleriň, pestisidleriň we toprak düzediş serişdeleriniň täsirini güýçlendirmekde giňden ulanylýar.
Nano-agrohimiýa serişdeleri maddalaryň topraga we ösümliklere has çalt siňmegini üpjün edýär. Adaty himiki dökünleriň köp bölegi toprakda ýitýär ýa-da ýuwulyp gidýär, ýöne nanoölçegli serişdeler topragyň ýokumly gatlaklarynda durnukly saklanýar. Şeýlelikde, dökünleriň peýdalanylyş netijeliligi ýokarlanýar, sarp mukdary bolsa azaldylýar.
Mysal üçin, nano-azot we nano-fosfor dökünleri ösümlikleriň kök ulgamy bilen gönüden-göni täsirleşip, olaryň ösüşini çaltlandyrýar we hasyllylygy artdyrýar. Şol bir wagtyň özünde topragyň mikroflorasy durnukly ýagdaýda saklanyp, ekologiki deňagramlylyk bozulmaýar.
Nanotehnologiýanyň agrohimiýada ulanmagynyň möhüm ugurlaryndan biri hem nanopestisidler bolup durýar. Olar zähmet sarp edilişini azaltmak bilen birlikde, zyýankeşlere garşy täsiri uzaga çekýär. Şeýle serişdeler suw bilen ýuwulmaýar we diňe zerur ýerlerde işjeňlik görkezýär, bu bolsa himiki zäherlenmäniň derejesini peseldýär.
Dünýä ylmy tejribesinde alnyp barlan barlaglaryň netijeleri şeýle görkezýär: nanoölçegli dökünleriň ulanylmagy bilen adaty serişdelerden 20–30% az serişde sarp edilýär, ýöne hasyllylyk ortaça 15–25% ýokarlanýar. Şeýlelikde, nanotehnologiýa oba hojalygynda tygşytly, täsirli we ekologiýa taýdan arassa çözgütleriň biridir.
Şeýlelikde, nanotehnologiýalaryň agrohimiýada ornaşdyrylmagy durnukly önümçiligi ösdürmegiň, toprak saglygyny goramagyň we ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm ugry bolup durýar. Bu tehnologiýalar geljekde oba hojalygynyň ylmy ösüşinde täze sahypany açar.
Haýytmyradowa Gülşat,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby




