Häzirki wagtda tekstil senagaty diňe egin-eşik öndürmek bilen çäklenmän, mikroelektronika, sensor tehnologiýalary we simsiz aragatnaşyk bilen birleşýän täze ösüş tapgyryna gadam basýar. Smart-tekstil diýlip atlandyrylýan bu ugurda elektron süýümleri gönüden-göni matanyň gurluşyna ýerleşdirmek arkaly geýimleri sanly enjamlara öwürmek boýunça ylmy gözlegler alnyp barylýar.
Singapur Milli uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary bu tehnologiýanyň mümkinçiliklerini has aýdyň görkezýär. Gözleglerde uzynlygy 10 metre, galyňlygy bolsa takmynan 1 millimetre ýetýän elektron süýümleriň içine müňlerçe mikroskopik elektron elementleri ýerleşdirilip, olary adaty dokma materiallary bilen utgaşdyrmagyň mümkinçiligi öwrenildi.
Elektron süýümler matany ekrana öwürýär
Akylly tekstiliň esasy aýratynlygy mikroelektroniki bölekleriň adaty matanyň gurluşyna göze ilmez ýaly ýerleşdirilmegidir. Alymlar elektron süýümleri özara birikdirmek üçin ýörite lazer kebşirleme usullaryny we eredilen galaýy birikmelerini ulanyp, çeýe elektron gurluşyny döretdiler.
Synag nusgasynda geýimiň ýeň bölegine 54 elektron süýüm ýerleşdirilip, olaryň düzüminde jemi 96 LED ýagtylyk diody ulanyldy. Netijede 168 × 105 millimetr ölçegdäki, 96 × 54 piksel durulykly çeýe ekran ulgamy emele getirildi.
Bu ekran 8 bitli reňk çuňlugyny goldaýar we şekilleri sekuntda 30 gezek täzeläp bilýär. Şeýlelikde, elektronika diňe bir geýimiň üstüne ýerleşdirilen goşmaça enjam bolman, eýsem matanyň öz gurluşynyň bir bölegine öwrülýär.
Tehnologiýanyň ýene bir möhüm aýratynlygy — galtaşmalara duýgurlygydyr. Matanyň içine ýerleşdirilen sensor gatlak barmagyň degýän ýerini kesgitläp, köp nokatly galtaşmalary hem tanap bilýär. Şeýle mümkinçilikler akylly geýimi smartfon ekrany ýaly galtaşma, süýşürme we beýleki sanly buýruklar arkaly dolandyrmaga şert döredýär.
Smart-tekstil diňe ekran däl
Täze nesil akylly geýimler diňe maglumat görkezmek bilen çäklenmeýär. Olaryň gurluşyna dürli görnüşli datçikler we elektron komponentler ýerleşdirilip, geýimi köp funksiýaly sanly platforma öwürmek mümkin.
Şeýle ulgamlarda mikrofonlar, ses çykaryjylar, hereket datçikleri, daşky gurşawyň we adamyň beden temperaturasyny ölçeýän sensorlar, ýagtylyk duýujy elementler ulanylyp bilner. Geýim Bluetooth arkaly beýleki sanly enjamlara birigip, maglumat alyşmaga hem mümkinçilik berýär.
Mundan başga-da, ulgam sesli buýruklara jogap bermek, daşky ýagtylygyň üýtgemegine görä ekranyň ýagtylygyny sazlamak we beden temperaturasyna gözegçilik etmek ýaly funksiýalary ýerine ýetirip bilýär.
Şeýle mümkinçilikler smart-tekstili diňe güýmenje serişdesi däl, eýsem saglygy gözegçilikde saklamak, aragatnaşyk we gündelik maglumat hyzmatlary üçin ulanyp boljak tehnologik platforma hökmünde görkezýär.
Çydamlylykdan emeli aňly geýimlere çenli
Akylly geýimleriň köpçülikleýin ulanylmagy üçin elektron bölekleriň matanyň çeýeligine we gündelik ulanylyş şertlerine çydamly bolmagy aýratyn möhümdir.
Geçirilen synaglarda smart-tekstil 50 gezek kir ýuwlandan soň hem ekranyň ýagtylyk derejesini we galtaşma duýgurlygyny saklady. Şeýle hem elektron gurluşyň belli bir radiusda 1000 gezek epilmäge we bükülmäge çydandygy görkezildi.
Şol bir wagtyň özünde, matanyň howa geçirijiliginiň adaty pagta matasyna ýakyn bolmagy onuň geýim hökmünde ulanylmak mümkinçiligini artdyrýar. Bu aýratynlyk elektron komponentleriň diňe bir işlemegini däl, eýsem adaty egin-eşigiň amatlylygyny hem saklamagyň möhümdigini görkezýär.
Geljekki gözlegleriň esasy ugurlarynyň biri bolsa emeli aňyň smart-tekstiliň gurluşyna integrasiýa edilmegi bolup durýar. Has ýokary piksel durulygy, has duýgur sensorlar we geýimiň özünde maglumatlary gaýtadan işlemek mümkinçilikleri akylly geýimleriň täze tapgyryny emele getirip biler.
Şeýle tehnologiýalaryň kämilleşmegi bilen smartfon, planşet ýa-da göçme ekran ýaly enjamlaryň käbir funksiýalary gönüden-göni egin-eşige geçirilip bilner. Şonda adaty geýim diňe bir adamyň bedenini örtýän önüm bolman, eýsem sanly dünýä bilen aragatnaşyk saklaýan şahsy tehnologik interfeýse öwrüler.
Akylly tekstiliň ösüşi mikroelektronika bilen dokma senagatynyň birleşmeginiň netijesinde täze bir tehnologiýa ugruny kemala getirýär. Bu ugur geljekde geýim, saglyk, aragatnaşyk we sanly maglumat ulgamlarynyň arasynda täze baglanyşyklary döretmäge mümkinçilik berip biler.
Begenjowa Şahnoza
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby


