Ýaponiýanyň ZZZN kompaniýasy Sleep Apparel System atly täze innowasion kurtka hödürledi. Diňe ýylylygy üpjün etmän, ulanyjylara islendik ýerde we islendik wagt uklamaga mümkinçilik berýän birnäçe ösen tehnologiki aýratynlyklary hem öz içine alýar.
Biometrik maglumatlary yzarlamak:
Uky eşigi görnüşli kurtka geýeniň uky ýagdaýyny, stres derejesini we ýürek urmasyny yzarlaýan ýörite halkany öz içine alýar. Şu maglumatlara esaslanyp, kurtka eýesi üçin amatly uky gurşawy üpjün edilýär
Ses ulgamy:
Kellä oturdylan nauşnikler arkaly uklamagy aňsatlaşdyrmak üçin dürli aýdym-sazlar berilýär. Bu nauşnikler daşarky sesleri izolirläp çuňňur dynç almaga kömek edýär.
Yşyklandyryş ulgamy:
Tagtadaky gyzyl çyralar, uklap ýatyrkaňyz, gün ýaşanda daň atýan ýaly rahatlyk berýär. Oýanan wagty gök çyralar we ýörite saz bedeni täzelemäge kömek edýär.

Daşkyi dizaýn:
Kurtka ýeňleriniň we etegindäki çyzgylar bilen geýýän eşigi ululygyna görä sazlap biler.
Dürli şertlere uýgunlaşmak:
Kurtkanyň kellesi we ilgiçler tapgyrlaýyn ýapylyp, dik ýagdaýda ýatmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem ulanyjynyň uky ýagdaýyna, daşky gurşawyň temperaturasyna we şertlerine görä sazlanýar.
ZZZN uky eşik ulgamy kurtkany 13-nji aprelden 13-nji oktýabr aralygynda Osakada geçiriljek 2025 sergisinde görkeziler.
Gurbanowa Oguljahan
Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby



