Şu ýyl «Akylly öý» ulgamynyň döredilenine 74 ýyl dolýar. Bu barada «gooosha.ru» internet neşirinde habar berildi.
1950-nji ýylda amerikaly inžener Emil Matias öýüň ähli ýerinde ornaşdyrylan dolandyryş paneliniň kömegi bilen garažyň gapysyny açmak, çyralary ýakyp-söndürmek, hatda radiony işletmek mümkinçiligi bolan «Düwmeli öýi» («Push-Button Manor») döretdi. Biziň döwrümizde öýdäki çyrany uzak aralykdan ýakyp-öçürmek üçin kabeliň zerurlygy aradan aýrylan hem bolsa, ol wagtlar Matiasyň bu täzeligi hemmäni haýrana goýupdyr. Matiasa bolsa bu taslamasyny durmuşa geçirmek üçin iki kilometr kabel gerek bolupdyr.
Şeýle köp simiň peýdalanylýandygy sebäpli, Matiasyň «akylly öýi» kän bir köpçülige elýeterli bolmandyr. Şondan soňraky 60 ýylyň dowamynda bu ulgam arzanlamady, diňe biziň döwrümizde, ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe köpçülige elýeterli boldy. Munuň sebäbi, birinjiden, kabellere derek simsiz tehnologiýalar peýdalanylyp ugraldy, ikinjiden, «akylly öý» bir bitewi uly ulgam görnüşini üýtgetdi. Indi aýry-aýry işi ýerine ýetirýän (mysal üçin çyralary ýakyp-söndürýän) böleklerini özbaşdak satyn almak mümkinçiligi döredildi. Hatda haýsydyr bir kömekçi komponentleri ulanmak zerurlygy hem aradan aýryldy: häzirki zaman tehnologiýalary dolandyryş enjamlaryny yşyklandyryjy lampalaryň içinde ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Akylly lampalary smartfonlar arkaly, ses assistentleriň, pultlaryň… kömegi bilen ýakyp-söndürip bolýar. Häzirki wagtda satlykda dolandyryşyň üç görnüşi bolan lampalara duş gelmek bolýar:
Bluetooth. Iň ýönekeý we arzan görnüşi. Smartfonyň kömegi bilen işledilýär.
Wi-Fi. Öýdäki routere birikdirilýär we smartfonyň hem beýleki enjamlaryň kömegi bilen dolandyrylyp bilinýär.
Zigbee. Işledilmegi üçin goşmaça şlýuz (birikdiriji) gerek bolýar. Zigbee lampalarynyň esasy artykmaçlygy — aňrybaş energiýa tygşytlylygy. Ol birnäçe gurluşlar bilen sazlaşyklykda işläp bilmek bilen, uly aralykdan hem dolandyrylýar.
Wi-Fi lampalary häzirki wagtda iň köp ulanylýan we arzan «akylly çyralardyr». Onuň esasy artykmaçlygy — öýdäki routere ýörite birikdirijisiz çatyp bolýar. Diňe çyranyň özüni satyn alyp, ýerine oturtsaň, ol işläp başlaýar. Kemçiligi — işleýşi Wi-Fi ulgamynyň saz işleýşine bagly. Şeýle-de bir routere gaty köp «akylly lampanyň» birikdirilmegi olaryň işleýşini peseldip bilýär. Munuň özi routeriň güýjüne-de bagly bolup durýar.