Maglumatlar jemgyýeti, «akylly» şäher, «akylly» öý ýaly ençeme düşünjeler durmuşymyza giňden ornaşýar. Elbetde, bularyň ählisi häzirki zaman tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ösüşi esasynda kemala gelip, birnäçe aýratynlyklary, şol sanda ýaşaýyş-durmuş amatlyklaryny özünde jemleýär. Bu barada Kakajan Çaryýarowyň mowzuk bilen adybir makalasynda beýan edilýar.
Ilki bilen, «akylly» şäher düşünjesiniň häsiýetli aýratynlyklaryna hem-de mümkinçiliklerine göz ýetirmek gerek. Maglumatlar we aragatnaşyklar tehnologiýalary bilen internet ulgamynyň sazlaşygyndan döredilen «akylly» şäherde edara-kärhanalar, mekdepler, kitaphanalar, hassahanalar, ýol-ulag düzümleri, jemgyýetçilik hyzmatlary ýaly möhüm ugurlar bir bitewi elektron ulgam arkaly dolandyrylýar. Maglumatlaryň şeýle elýeterliligi hyzmatlar ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, şäheriň ýaşaýjylarynyň durmuş derejesini ep-esli gowulandyrmaga, zerurlyklary gysga wagtda amala aşyrmaga şert döredýär. Hut şonuň üçin-de, ilatymyzyň sosial-durmuş derejesini ýokarlandyrmagy, olaryň ýaşaýşy, dynç alşy üçin amatly gurşawy döretmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň esasy wezipesi hökmünde kesgitlän milli Liderimiz bu babatda nusgalyk işleri amala aşyrýar. Milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda sanly we IT tehnologiýalar arkaly işlenilip düzülen Aşgabat-siti hem-de Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň taslamalary bu babatdaky möhüm işlerdir.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Gökdepe etrabynyň çäginde bina edilýän Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylyň aprel aýynda badalga berildi. Şoňa görä, 16-njy martda Milli Liderimiz paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň çäklerinde täze şäheriň baş meýilnamasy, bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Hünärmenleriň kesgitlemegine görä, «akylly» şähere tehnologik we sanly çözgütleri ornaşdyrmak bilen, ileri tutulýan birnäçe ugurlar öňe çykarylýar: sosial-durmuş, saglygy goraýyş, howpsuzlyk, ekologiýa, infrastruktura, innowasiýalar. Görnüşi ýaly, bu ugurlar häzirki wagtda umumadamzat derejesindäki meseleler bolup, «akylly» şäher şol meseleleriň oňyn çözgüdini tapmaga ýardam edýär. Meselem, ekologiýa meselesine diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, sebit we dünýä derejesinde aýratyn üns berilýär. Şol sanda bu ugurda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň durnuklylygyny gazanmak boýunça ençeme işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iş saparynyň dowamynda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde zir-zibiller üçin «akylly» gaplary ornaşdyrmak baradaky pikiri aýtdy. Özüniň gurluşy boýunça zir-zibil üçin niýetlenen ol gaplar dolan wagtynda hapa ýygnaýjy gulluklara habar gönderýärler. Ekologiýa hem-de arassaçylyk-sanitariýa babatda örän uly ähmiýete eýe bolan bu gaplar, elbetde, «akylly» şäherde sanly tehnologiýalar arkaly dolandyrylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz elektromobilleriň hereketi, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmek barada görkezme berdi.
Mundan başga-da, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde gurulýan täze şäheriň gurluşygynda «ýaşyl» tehnologiýalara aýratyn orun berilýär. Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende ýokary hilli serişdeler ulanylyp, olarda ýurdumyzyň howa şertleri, ekologiýa we bezeg aýratynlyklary göz öňünde tutulýar. Şäherde ýaşyl zolaklary — seýilgähleri, suw çüwdürimleri, dynç alyş zolaklary, binalardyr desgalaryň ýanaşyk çäklerinde ýaşyl baglyklary döretmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, «akylly» şäherler konsepsiýasynyň çäklerinde döredilen bitewi ekologik ulgam, birinjiden, tebigy gözelligi saklap galmaga mümkinçilik berse, ikinjiden, howanyň arassalygyny üpjün etmäge ýardam eder.
Şäher medeniýeti babatda nusgalyk boljak Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalarynyň, medeniýet toplumyna degişli desgalaryň — 3 müň orunlyk Ruhyýet köşgüniň, welaýat kitaphanasynyň, arhiwiniň, drama teatrynyň, muzeýiniň binalary «Ahal» binasy we Döwlet baýdagynyň sütüni bilen özara sazlaşyp, ajaýyp görnüşi emele getirer. Bu dolandyryş we medeni desgalaryň hataryny başlangyç, orta hünär okuw mekdepleri, ýörite sungat, çagalar sungat mekdepleri, saglyk öýi, 720 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, köpugurly sport toplumy, 10 müň orunlyk stadion, suw toplumy, ýaşaýyş toplumlary hem-de beýleki möhüm durmuş ugurly desgalardyr binalar baýlaşdyrar. Gurluşyk üçin bölünip berlen ýerleriň ekologiýa ýagdaýynyň, seýsmik durnuklylygynyň, beýleki degişli görkezijileriniň alymlar tarapyndan ylmy esasda çuňňur öwrenilmegi häzirki wagtda işleri batly depginlerde alyp barmaga şert döredýär.
Sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda baş ýörelgesi kadaly şäher giňişligini döretmäge gönükdirilen bu iri taslamanyň gurluşygynda hünärmenleriň 15 müňden gowragy zähmet çekýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygynda gazanylan tejribäniň Aşgabat-sitiniň gurluşygynda ulanylyp bilinjekdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gün we ýel batareýalarynyň işi, yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň-de üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.
Ýeri gelende bellesek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygy esasynda dolandyryljak şäher düzümleriniň, gulluklarynyň kemala gelmegi bilen ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlary has-da kämilleşdiriler. Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz iş maslahatynda «Tiz kömek» gullugynyň 03 belgisine jaň edilende, näsagyň ýerleşýän ýerini takyklap bolmaýandygyny aýdyp, bu babatda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan 112 ýa-da 911 belgini synag edip görmelidigini nygtady. Çünki «akylly» şäherde «Tiz kömek» hyzmatlarynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmegi, gelip gowuşýan sargytlaryň dessin ýerine ýetirilmegi üçin sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy möhümdir.
Maglumat çeşmeleriniň köplüginiň we dürli maglumat akymlarynyň adam aňynyň has çalt işlemegini talap edýän döwründe gerekli maglumatlary tiz tapmak, gitdigiçe ösýän ýaşaýyş-durmuş ugurly islegleri kanagatlandyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, saglygy gorap saklamak zerurlyk bolup durýar. Şeýlelikde, «akylly» şäherler konsepsiýasy bu zerurlyklary oňyn çözmäge gönükdirilip, maglumatlar jemgyýetinde uly ähmiýete eýe bolýar. Şonuň üçin-de, Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gidip, «akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.