Häzirki döwürde adamlar köplenç okuwy tamamlandan soň, tiz wagtda ýatdan hasaplamagy bes edýär, çünki elmydama islendik zady hasaplamaga kömek edýän dürli enjamlar bar. Adaty bolmadyk sagat «AlbertClock»-yň döredijileri munuň soňuna çykmak we ýygy-ýygydan hasaplamagy endik edinmek kararyna geldiler. Munuň üçin diňe «AlbertClock»-a göz aýlamaly. Ýagny bu sagatda goşmak, köpeltmek we bölmek arkaly wagty hasaplamak zerurlygy ýüze çykýar. Sagadyň 4 kynçylyk derejesi bar we kiçi meseleler her minutda täzelenip bilner. Ilki bilen «AlbertClock» mekdep sapaklary üçin sagat hökmünde döredildi, emma wagtyň geçmegi bilen adaty bolmadyk enjamyň ulularda-da, mysal üçin öýünde ýa-da iş ýerinde hem meşhur bolandygy belli boldy. Sagadyň minimalistik dizaýny takyk wagty çalt hasaplamaga gönükdirilendir.
Aýgül HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby