Şwesiýanyň ylmy-barlag topary uglerod süýüminiň birleşmesinden batareýanyň täze nusgasyny hödürledi. Ol fiziki mümkinçilikleri boýunça alýumine meňzeýär, ýöne täze oýlap tapyşyň esasy aýratynlygy batareýanyň köp energiýa saklap bilýändigi bilen baglydyr. Munuň özi täjirçilik maksady bilen ulanmak üçin ýeterlikdir.
Uglerod süýümi aerokosmiki senagatda giňden ulanylýar. Şeýle hem täsirli elektrod önümi hökmünde çykyş edýär. Alymlar şu materialy ulanmak arkaly 30 Wt-sag/kg energiýa dykyzlygy bolan batareýany işläp düzmegi başardylar.
Bu ýerde anod bilen katodyň arasynda litiý ionlaryny herekete getirmek üçin suwuklygyň ýerine ýarym gaty elektrolit ulanyldy. Uglerod süýümi anoddaky ýaly katodda hem peýdalanylyp, mise ýa-da kobalta meňzeş agyr we gapma-garşylykly materiallardan ýasalan energiýa geçirijilere bolan zerurlygy aradan aýyrýar.
Şeýlelikde, öndürijiler has ýeňil awtoulaglary döredip bilerler. Mundan başga-da, täze batareýa umumy energiýanyň has uly möçberdäki ätiýaçlygyny saklamak mümkinçiligi bilen tapawutlanýar.