Germaniýanyň ylmy gözlegler boýunça topary wodorod, kislorod we kömürturşy gazy bilen iýmitlendirmegiň netijesinde mikroelementler arkaly belok almagy we B9 witaminini ýygnamagy öwrendi. Alymlar beloklaryň ornuny tutup biljek mikroelementleri öndürmek üçin degişli tehnologiýany hödürlediler. Bu barada «Rysgal» gazetiniň duşenbe günündäki – 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky №40 (734) belgili sanynyň 6-njy sahypasynda habar berildi.
Synagyň awtorlary bu usuly dürli içgileriň önümçiliginiň yzygiderliligi bilen deňeşdirýärler. Muňa garamazdan, mikroelementlere adaty şekeriň ýerine gaz we asetat berildi. Alymlar munuň üçin ulanylýan gabartma tozuna şeker goşmak arkaly B9 witaminini özbaşdak öndürip boljakdygyny öňe sürüpdiler, emma bu diňe asetat ulanmak arkaly mümkin boldy.
Alymlar beloga we B9 witaminine baý bolan gabartma tozuny öndürmek üçin iki basgançakly bioreaktor döretdiler. Birinji tapgyrda «Thermoanaerobacter kivui» atly bakteriýalar sirkede saklanýan wodorody we CO2-ni asetata öwürýär. Şondan soň un önümlerini taýýarlamakda işjeň ulanylýan «Saccharomyces cerevisiae» belok we B9 witaminini öndürmek üçin asetaty kislorod bilen bilelikde siňdirýär.
Alnan önümdäki belogyň derejesi sygyr etindäki, balykdaky we mekgejöweniň düzümindäki şuňa meňzeş elementiň düzüminden has ýokary boldy. Bu önümiň 85 gramy ýa-da bary-ýogy alty nahar çemçesi gündelik belok zerurlygynyň 61 göterimini üpjün edip biler.