Täze tehnologiýada sekuntda maglumatlaryň örän köp möçberini ibermäge mümkinçilik berýän teragers ýygylyklary ulanylýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, häzirki antennalar şeýle ýokary ýygylyklar üçin uly hem-de çylşyrymly hasaplanýar. Singapurdan, Fransiýadan we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan bolan alymlar munuň özboluşly çözgüdini tapdylar. Olar mikroskopik deşiklerden üýtgeşik nagyşly kremniý plastinasyny döretdiler. Bu geometriýa signalyň giň konusyny döretmek bilen, teragers şöhlelerini kesgitlenen görnüşde gyşarnyksyz plastina «aralaşmaga» mejbur edýär.
Antennada hereket edýän bölekleriň bolmazlygy bu gurluşy has ygtybarly we arzan edýär. Şeýle antennanyň biri gurşap alýan giňişligiň 75 göterimine çenlisini signal bilen örtmäge ukyplydyr.
Alymlaryň indiki maksady aragatnaşyk ulgamynyň ähli böleklerini (tolkun ýaýradyjy, kabul ediji, prosessor) bir mikroçipde birleşdirmekdir.



