Alymlar Günden elektrik energiýasyny öndürmek üçin niýetlenen panelleriň 1000 esse kuwwatly görnüşini oýlap tapdylar. Bu barada «building-tech.org» web sahypasynda habar berildi.
Şweýsariýanyň ýokary tehniki mekdebiniň alymlaryndan ybarat bolan toparyň Günden elektrik energiýasyny öndürmek üçin niýetlenen panelleriň täze görnüşini oýlap tapandyklary habar berildi. Keramikadan taýýarlanan paneller ozalky kremniý batareýalaryndan 1000 esse kuwwatlydyr.
Täze oýlap tapyşyň iň gyzykly taraplarynyň biri hem keramikanyň bary-ýogy bir inedördül metrinden elektrik energiýasynyň adaty Gün panelleriniň müňlerçe inedördül metrinden alyp bolýan möçberini öndürmek mümkinçiliginiň barlygy bilen baglydyr. Şeýle keramika öz nanogurluşy esasynda uly öndürijilige eýelik edýär. Onuň iki bölümden ybaratdygyny bellemelidiris. Şolaryň birinjisi, ýagtylygy kabul edişiniň diýseň ýokary koeffisiýenti, ikinjisi bolsa elektrik energiýasyny geçirmek mümkinçiliginiň has-da kämil bolmagydyr.
Tehnologiýanyň ýagtylygy siňdiriş gatlagynda alýuminiý oksidi beýleki nanotehnologiýalaryň ýygylygy bilen utgaşdyrylýar. Gün şöhlesiniň keramika düşmegi nanoýygylyklardaky elektronlary işe girizýär we energiýanyň has uly mukdardaky akymy geçip bilýär. Soňra elektronlar has täsirli usulda jemlenýär we keramikanyň çeşmeleri bolan alýuminiý oksidiniň kristallaryna geçýär. Şondan soň bolsa elektrik toguny döretmek üçin çykarylýar.