Amazon korporasiýasy öz smartfonyny çykarmak ideýasyna dolanmagy ýüregine düwdi. Bu barada Reuters neşiriniň çeşmeleri habar berdi.
Mälim bolan maglumatlar
Žurnalistleriň bellemegine görä, Amazon 2014-nji ýylda çykan we şowsuzlyga uçran Fire Phone-dan soň ilkinji gezek bu ugra dolanýar. Bu enjam kompaniýanyň smartfon bazaryna çykmak boýunça ilkinji we şol bir wagtyň özünde iň soňky synanyşygy bolupdy — gadjet täjirçilik taýdan üstünlik gazanyp bilmedi we eýýäm bir ýyl geçmänkä önümçilikden aýryldy.
Täze meýilnamalar
Indi bolsa Amazon öz hyzmatlary, ozaly bilen bolsa Alexa kömekçisi bilen çuňňur utgaşdyrylan smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Bu enjama ekosistemanyň beýleki goşundylary, şol sanda Prime Video we Prime Music striming hyzmatlary hem öňünden gurlar.
Şeýle enjamyň Amazon-a ilkinji nobatda ulanyjylar barada kanuny esasda maglumat toplamak we olara harytlardyr hyzmatlary has täsirli hödürlemek üçin gerekdigi barada esasly çemeleşme bar.
Bu taslama Microsoft-yň öňki top-menedžeri, şowsuz bolan Zune saz pleýeriniň çykarylmagyna gözegçilik eden Jeý Allard hem-de Microsoft Surface-iň awtory we Windows 11-iň esasy işläp düzüjileriniň biri Penos Panaý (Panos Panay) ýolbaşçylyk edýärler.
Mundan başga-da, Reuters neşiriniň habar bermegine görä, Amazon-yň meýilnamalarynda “DumbPhone” — ýagny düwmeli telefon ýa-da iň pes funksionaly bolan sensorly enjam çykarmak baradaky pikirler hem bar.



