Amerikanyň iri elektron söwda kompaniýasy Amazon öňümizdäki birnäçe ýylyň dowamynda Ýewropadaky logistika we fulfilment merkezleriniň kuwwatyny artdyrmak üçin 10 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, bu maýa goýumlar diňe bir infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegine hem mümkinçilik berer.
Resmi maglumatlara görä, täze maýa goýumlarynyň netijesinde Ýewropanyň dürli ýurtlarynda ýerleşýän fulfilment merkezlerinde takmynan 25 müň täze iş ornunyň döredilmegine garaşylýar. Şeýle hem Amazon öz logistika ulgamyny has netijeli etmek maksady bilen, emeli aň we awtomatlaşdyrylan tehnologiýalara esaslanýan täze nesil «Proteus» robotlaryny Ýewropa getirip başlar. Bu robotlar ammarlarda ýükleri daşamak we tertiplemek işlerini ýerine ýetirip, işgärleriň zähmetini ýeňilleşdirer hem-de işleriň tizligini ýokarlandyrar.
Ýeri gelende bellesek, Amazon 2025-nji ýylda hem Günbatar sebitlerde iş alyp barýan desgalaryny ösdürmek üçin 60 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýupdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň Ýewropadaky işçi güýji, möwsümleýin işgärleri hem goşmak bilen, 230 müňden gowrak hünärmenden ybaratdyr.
Bilermenleriň bellemegine görä, fulfilment merkezleri internet arkaly edilen sargytlary kabul etmek, saklamak, gaplamak we müşderilere ugratmak ýaly ähli logistika amallaryny öz içine alýar. Şol sebäpli bu ugur elektron söwdanyň iň möhüm bölekleriniň biri hasaplanylýar.
Mundan başga-da, Reuters agentliginiň habar bermegine görä, Amazon kompaniýasy şu ýyl öz müşderileri üçin geçirilýän däp bolan «Prime Days» arzanladyş günleriniň senesini yglan etdi. Kampaniýa 23–26-njy iýun aralygynda geçiriler. Şol günlerde Amazon Prime hyzmatyna agza bolan müşderiler müňlerçe harydy 50 göterime çenli arzan bahadan satyn alyp bilerler.
Amazon «Prime Days» aksiýasyny ilkinji gezek 2015-nji ýylda geçirip başlapdy. Şondan bäri bu çäre kompaniýanyň iň iri söwda kampaniýalarynyň birine öwrüldi we dünýäniň dürli ýurtlarynda millionlarça alyjyny özüne çekýär.
Kompaniýanyň maliýe görkezijileri hem oňyn ösüşi görkezýär. 2026-njy ýylyň başyndan bäri Amazonyň paýnamalarynyň bahasy 13,2 göterim ýokarlanyp, maýadarlaryň kompaniýanyň geljekki ösüş mümkinçiliklerine bolan ynamynyň artýandygyny görkezýär.



